Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady

2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 970,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, şu ýylyň 11 aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92,4 million dollar köpeldi. Has takygy, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň 11 aýynda 761,2 millon amerikan dollara, 2022-nji ýylyň 11 aýynda bolsa 877,5 million amerikan dollara barabar bolupdy.

Hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurduň importynda 7-nji orundan, eksportynda bolsa 12-nji orundan ýer aldy. 11 aýda Türkmenistan jemi 809,6 million amerikan dollarlyk (geçen ýyldakydan 117,1 million köp) harydy özbek bazaryna iberdi hem-de umumy bahasy 160,5 milliona amerikan dollaryna barabar hyzmatlary we harytlary Özbegistandan import etdi.

Umumylykda bolsa Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 6-njy basgançaga ornaşdy.Bu ugurdaky sanawda öňdäki bäşlikden degişli yzygiderlilikde Hytaý (12 milliard 231 million), Russiýa (8 milliard 867 million), Gazagystan (4 milliard 5 million), Türkiýe (2 milliard 839 million) we Koreýa Respublikasy (2 milliard 111 million) orun aldy.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 11 aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 57 milliard 310 million amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 23 milliard 204 milliony ýurduň eskportynyň, 34 milliard 105 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Dünýä ýaň salýan Magtymguly atly maslahat geçirdi
Türkmenistan bilen Özbegistan özara ýük daşamalary sanlylaşdyrdylar
Türkmen-özbek gümrük nokatlarynyň arasynda sanly TIR ulgamy synagdan geçirildi