2024-nji ýylda degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy

2024-nji ýylda degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Türkmenpagta döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

— ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

— gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:

— Türkmenpagta döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;

— Türkmenobahyzmat döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;

— Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;

— Türkmenhimiýa döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Lebaply daýhanlar: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga kömek etmeýär
Döwlet TW-si Hasyl toýuny görkezýän mahaly, Lebapda býujetçiler we esgerler haýdan-haý pagta ýygdy