2024-nji ýylda Merkezi Aziýa — Ýaponiýa ýokary derejeli sammiti geçiriler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýa — Ýaponiýa ýokary derejeli sammiti geçiriler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň) hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji ýokary derejeli sammit geçiriler.Bu sammitiň maksady agzalan taraplaryň arasynda 5+1 formatyndaky dialogyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow NHK ýapon kanalyna beren interwýusynda mälim etdi.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň bellemegine görä, degişli formatdaky ilkinji sammit 2024-nji ýylda Astana şäherinde geçiriler. Sammitde Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljeriler we geljegi uly ugurlar kesgitleniler.

Ýeri gelende bellesek, gyrgyz Lideri golaýda Ýaponiýa resmi sapar bilen bardy hem-de ol ýerde ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk meselelerine hem üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Ýaponiýa sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti