2025-nji ýylda rekord derejede magnit tupanlary hasaba alyndy

2025-nji ýylda rekord derejede güýçli magnit tupanlary (G3 we ondan ýokary) hasaba alyndy. Bu barada TASS habar berdi.

2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýyna çenli döwürde magnit tupanlary we geomagnit bozulmalary rekord derejä çykyp, 134 ýagdaý hasaba alyndy. Eger bu ýagdaý dowam etse, rekord görkeziji has hem artyp biler.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýa laboratoriýasynyň maglumatlaryna görä, 13-nji noýabra çenli alymlar Ýer ýüzünde 61 sany magnit tupanyny hasaba aldylar, olaryň dördüsi G3 (güýçli) ikisi G4 (örän güýçli). Soňkysy, 12-nji noýabrda hasaba alnyp, G5-iň iň ýokary derejesini görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
ISNA: Eýranda paýtagty Tährandan göçürmek barada maksatnama işlenip düzülýär
Açlyga we garyplyga garşy göreş boýunça ählumumy bileleşige 82 ýurt girdi
Braziliýada G20-niň sammiti geçýär