Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär

Balkanlylaryň käbiri prezidentiň ABŞ saparyndan 'özgerişe' garaşsa, ýene bir bölegi 'umyt ýok' diýýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-a edýän saparynyň şu günler balkanlylaryň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy temalaryň birine öwrülendigini synlasa bolýar. Raýatlaryň bir bölegi bu sapardan “özgerişlere, adam hukuklarynyň gowulanmagyna” garaşsa, ýene bir bölegi “umyt ýokdugyny” aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

TDH 4-nji noýabrda çap eden habarynda türkmen lideriniň Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine gatnaşmak üçin Waşingtona ugrandygyny habar berdi.

“C5+1” formatynda geçirilýän sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp gatnaşar.

S.Berdimuhamedow Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar diýip, TASS agentligi daşary işler ministri Raşid Meredowyň bu barada hökümet mejlisinde yglan edendigini “Neýtralny Turkmenistan” gazetine salgylanyp, 1-nji noýabrda habar berdi. Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda şeýle duşuşyk barada habar berilmedi.

Türkmen prezidentiniň 6-njy noýabrda geçiriljek sammite gatnaşjakdygyny türkmen döwlet metbugaty 28-nji oktýabrda habar beripdi.

Balkandaky habarçymyz şondan bäri bu temanyň ilat, şol sanda syýasy synçylaryň arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdýar.

“Balkanabatda ýaşaýjylaryň bir bölegi Trampyň Berdimuhamedowdan türkmen halkyna hereket, din, Internet, metbugat we söz azatlygyny bermegi talap edip biljekdigini aýdýar. Olar adam hukuklarynyň gowulanmagy, mejbury zähmetiň we çäreleri ýatyrylmagy, türkmenleriň ABŞ wizalaryny almak ýaly mümkinçilikleriniň ýeňilleşdirilmegi ýaly meseleler hem gozgalyp biler diýýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine bölekleýin gadaganlyk girizildi.

Balkanlylaryň ýene bir bölegi Türkmenistanyň dünýä arenasynda öz üstüne alan borçlaryny gödek bozup gelýändigini we dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biridigini aýdyp, sapardan “uly zada garaşmagyň kyndygyny” belleýär.

“Berdimuhammedow Trampyň ýanynda wada berip gaýtsa-da, gelensoň ýene öňki syýasatyny dowam etdirer. Türkmen halky üçin üýtgän zat bolmaz” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli syýasy synçylaryň birnäçesi bolsa, sammitde bu meseleleriň gozgalmak ähtimallygyna hem juda ikuçly garaýar.

Olar bulara derek, has regional meseleleriň, şol sanda TOPH we Trans-Hazar gaz geçiriji taslamalarynyň, Türkmenistanyň metan zyňyndylary problemalarynyň gozgalyp bilinjekdigini aýdýarlar.

“Geçen aýyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH üçin Owganystana baranda, bu taslamany ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň ABŞ bolup durýandygyny aýdyp, ony goldaýandygy üçin Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Onuň bu çykyşy, Yragyň Eýranyň üstünden aljak türkmen gazy üçin ABŞ rugsadyny alyp bilmändigi baradaky habardan bir aý soň boldy.Bu, Berdimuhamedowlaryň şeýle uly taslamalar üçin ABŞ-nyň rugsadyna zerurlygyň bardygyna düşünendigine yşarat edýär. Şol sebäpli synçylar sammitde bu meseleleriň gozgalmagynyň juda ähtimaldygyny çaklaýarlar” diýip, balkanly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri sammitiň güntertibi barada häzirlikçe hiç bir maglumat bermeýärler. Onda gozgalmagy ähtimal meseleler barada resmi metbugat hem hiç zat aýtmaýar.

Human Rights Watch (HRW) guramasy 3-nji noýabrda çap eden beýanatynda Waşingtonda geçiriljek Merkezi Aziýa-ABŞ sammitine gatnaşýan Merkezi Aziýa hökümetleriniň adam hukuklary meselelerini ileri tutmalydygyny aýtdy.

Bu sammit Donald Trampyň gatnaşmagynda geçiriljek ilkinji sammit bolar. Mundan öň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri ABŞ bilen C5+1 formatynda şol wagtky prezidenti Jo Baýdeniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda duşuşypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
Yrak Eýranyň üstünden aljak türkmen gazy üçin ABŞ rugsadyny alyp bilmedi
Zelenskiý magdan ylalaşygy üçin Waşingtona sapar eder
'Olar azat sözüň, adam mertebesiniň, demokratiýanyň gymmatyna ynanýarlar'-diňleýjiler Azatlyk barada