Waşington Ysraýyl bilen Eýran urşunyň meýilleşdirilenden has uzak dowam edip biljekdigini aýtdy

Waşington Ysraýyl bilen Eýran urşunyň meýilleşdirilenden has uzak dowam edip biljekdigini aýtdy

ABŞ Ysraýyla Eýrana garşy urşuň başlangyçda garaşylýandan has uzak dowam edip biljekdigini habar berdi. Ormuz bogazyny gaýtadan açmak boýunça operasiýalaryň ýene birnäçe hepde dowam etmegine garaşylýar.

Ysraýylyň Channel 12 telewideniýe kanalynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Waşingtonyň maksady diňe deňiz ýoluny açmak bilen çäklenmän, ABŞ Eýranyň global energiýa bahalaryna giň täsirini aradan aýyrmagy hem maksat edinýär.

ABŞ-nyň resmileriniň, wagt gerek bolsa-da, strategik üýtgeşme isleýändikleri beyan edildi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilki başda dördünji hepdä başlan harby operasiýanyň dört-bäş hepde dowam etjekdigini aýdypdy we operasiýalaryň "meýilleşdirilenden öň" barýandygyny ençeme gezek habar beripdi.

ABŞ-da ýerleşýän “Axios” habar saýty hem Waşingtondaky we onuň ýaran paýtagtlaryndaky resmileriň, hatda çaknyşyk pes intensiwlik tapgyryna geçse-de, ABŞ-nyň çaknyşyga gatnaşmagynyň sentýabr aýyna çenli uzamagyna taýýarlyk görýändigini habar berdi.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümleri 28-nji fewralda başlapdy we şondan bäri azyndan 1300 adamyň, şol sanda şol wagtky dini lider Ali Hameneýiniň hem ölendigi habar berlipdi.

Eýran bolsa Ysraýyla, Iordaniýa, Yraga we ABŞ-nyň harby güýçleriniň ýerleşýän Pars aýlagy döwletlerine garşy dron we raketa hüjümleri bilen jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi
Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy
Eýran ABŞ-nyň F-35 harby uçaryny urup düşürdimi?
Tramp Eýran bilen ýaraşykdan soň Ormuzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde ABŞ-nyň roluna ünsleri çekdi
Türkiye we Pakistan Eýrana garşy urşy bes etmek bilen bagly tagallalary maslahatlaşdylar