Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi

Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi

Eýranyň goşuny geçen hepde Amerikanyň hüjüminde Eýranyň "IRIS Dena" atly harby gämisiniň ekipaž agzalarynyň 104-siniň ölendigini we 32-siniň ýaralanandygyny habar berdi.

Döwlet habarlar agentligi IRNA-nyň habaryna görä, harbylar ýekşenbe güni gäminiň 4-nji martda Hindistanda geçirilen "Milan Parahatçylyk 2026" deňiz türgenleşiginden gaýdyp gelýärkä Şri-Lankanyň suw giňişliginiň çäklerinde ABŞ-nyň deňiz güýçleri tarapyndan hüjüm edilendigini habar berdiler.

Waşington Amerikanyň suwasty gämisiniň Eýranyň gämisine torpedo hüjümini amala aşyrandygyny tassyklady.

Şri-Lanka Galle şäheriniň günorta kenaryndaky gämiden betbagtçylyk barada çagyryş alandan soň bilelikdäki halas ediş operasiýasynyň başlandygyny habar berdi. Şeýle hem, ekipažyň 32 agzasynyň ýaralanyp, ýerli hassahanalara ýerleşdirilendigi hem bellenildi.

Eýranyň resmileriniň aýtmagyna görä, hüjüm ABŞ we Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewralda başladan we ýurduň dini lideri Ali Hameneýi bilen birlikde 1200-den gowrak adamyň ýogalmagyna we 10 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan giň möçberli howa hüjümlerini dowam etdirýän wagtynda amala aşyryldy.

Tähran bolsa ABŞ-nyň harby serişdeleriniň ýerleşýän Pars aýlagy döwletlerine, ýagny Ysraýyla, Yraga, Iordaniýa garşy raketa we dron hüjümleri bilen jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

BMG Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşikleri garşy aldy
Orsýetiň ýadro gepleşiklerinde Eýranyň kanuny hukuklaryny goldamagy
Eýranyň Serhetleri Goňşular bilen Dostluk we Durnukly Howpsuzlyk Merkezi
Eýran Amerika degişli nebit tankerini nyşana alandygyny habar berdi
Eýrandaky çakdanaşa yssy howa dükanlaryň we döwlet edaralarynyň ýapylmagyna getirdi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi