Eýranda sil apaty sebäpli 15 adam ýogaldy

Eýranda sil apaty sebäpli 15 adam ýogaldy

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA tarapyndan berilen habara görä, Kirman welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Ryza Fellah düýn başdan geçirilen sil apatlary barada maglumat berdi.

Düýn Jiroft etrabynda derýalaryň biriniň joşmagy netijesinde derýadaky adamlary halas etmek üçin halas ediş işleriniň başladylandygyny aýdan Ryza Fellah: "13 sagatdan gowrak wagt dowam eden gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 15 adamyň jesedi tapyldy. Şolaryň 1-i eýranly, 14-si bolsa daşary ýurtly" diýip habar berdi.

Ryza Fellah gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde bolsa 2 adamyň halas edilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda aşa sowuk howa sebäpli elektrik we gaz üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar ýüze çykdy
Eýrandaky çakdanaşa yssy howa dükanlaryň we döwlet edaralarynyň ýapylmagyna getirdi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Strategiki meseleler boýunça wise-prezident bellendi
Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar
Eýran, Harby Türgenleşik Geçirýär