2025-nji ýylyň esasy wakalary

2025-nji ýylyň esasy wakalary

2025-nji ýyl dünýä syýasatynda uly özgerişleriň, täze saýlawlaryň we taryhy sammitleriň geçirilen ýyly boldy. ABŞ-daky häkimiýet çalşygyndan başlap, Ýewropadaky möhletinden öňki saýlawlara, şeýle hem kosmos barlaglaryndaky täze sepgitlere çenli köp sanly wakalar geljekki onýyllygyň ugruny kesgitledi. Aşakdaky hronologiýada 2025-nji ýylyň iň ähmiýetli syýasy, jemgyýetçilik we ylmy wakalary barada gysgaça maglumat berildi.

1-nji ýanwar. Bolgariýa we Rumyniýa Şengen zolagynyň doly hukukly agzalary boldy.

Polşa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmek gezegini Wengriýadan kabul edip aldy.

6-njy ýanwar. ABŞ-nyň Kongresi Donald Trampyň ýeňşini tassyklady.

12-nji ýanwar. Horwatiýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilip, ýurduň Prezidenti Zoran Milanowiç ikinji möhlete gaýtadan saýlandy.

20-nji ýanwar. ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti Donald Trampyň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi.

26-njy ýanwar. Belarusda Prezident saýlawlary geçirilip, Prezident Aleksandr Lukaşenko ýeňiş gazandy.

12-nji fewral. Gresiýada Prezident saýlawlarynyň jemleýji dördünji tapgyry geçirildi. Konstantinos Tasulas Prezident saýlandy.

23-nji fewral. Germaniýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. Fridrih Mersiň ýolbaşçylygyndaky Hristian-demokratik bileleşigi (HDB) uly aratapawut bilen ýeňiş gazandy.

2-nji mart. Amerikanyň Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost kosmos apparaty Aýyň üstüne ýumşak gonuşy amala aşyrdy.

9-njy mart. Mark Karni Kanadanyň Liberal partiýasynyň lideri we Kanadanyň Premýer-ministri wezipesine bellenildi.

13-nji mart. Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasyň kasam kabul ediş dabarasy boldy.

13-nji aprel. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde EKSPO 2025: Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

6-njy maý. Olaf Şols wezipesinden çekildi. Fridrih Mers Germaniýanyň täze federal Kansleri boldy.

8-nji maý. Konklaw amerikaly Robert Brewosty Rim papasy saýlady we ol Lew XIV adyny aldy.

9-njy maý. 1941 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi.

11-nji maý. Albaniýada parlament saýlawlary. Edi Ramanyň ýolbaşçylygyndaky häzirki Sosialistik partiýa hökümetde köplügi eýeläp, gaýtadan saýlandy.

13-17-nji maý. Şweýsariýanyň Bazel şäherinde 69-njy Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi geçirildi.

18-nji maý. Rumyniýanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Nikuşor Dan ýeňiş gazandy.

1-nji iýun. Polşanyň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Karol Nawroskiý ýeňiş gazandy.

3-nji iýun. Koreýa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawynda Li Çže Mýon ýeňiş gazandy.

15-17-nji iýun. Kanadada G7 ýurtlarynyň 51-nji sammiti geçirildi.

6-7-nji iýul. Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde BRIKS sammiti geçirildi.

6-njy awgust. Karol Nawroskiý Polşanyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi.

15-nji awgust. Alýaskada Wladimir Putin bilen Donald Trampyň arasynda gepleşikler geçirildi.

9-njy sentýabr. Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy açyldy.

19-njy oktýabr. Boliwiýada ählumumy saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Rodrigo Pas ýeňiş gazandy.

24-nji oktýabr. Irlandiýada Prezident saýlawlarynda Ketrin Konnolli ýeňiş gazandy.

1-nji noýabr. Müsürde Uly Müsür muzeýiniň açylyş dabarasy boldy.

10-21-nji noýabr. Braziliýanyň Belen şäherinde COP30 (BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky maslahaty) geçirildi.

22-23-nji noýabr. Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde G-20 sammiti geçirildi. Bu Afrikada guralan ilkinji G-20 sammitidir.

14-nji dekabr. Çilide Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Respublikan partiýanyň dalaşgäri Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Gün iki aýdan dogar
Iň sowuk ýerler
Tomus paslynda bolup geçýän geň-taň hadysalar
Dünýädäki äpet jandarlar