Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna yzygiderli eýerýär. Bu parahatçylyk söýüjilikli strategiýa Ýer ýüzüniň ähli sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
