Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi Awaza milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünliklere beslenýär.Häzirki günlerde dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalaryň al-asmana göterilýän bimöçber şatlyk-şowhunam oňa açyk-aýdyň güwä geçýär.
Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Arzuw çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de bellenilen meýilnamalar esasynda göwün göteriji çäreler guramaçylykly alnyp barylýar.Ajaýyp merkezde eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelen çagalaryň her bir tapgyrda 600-sy dynç alýar.
Bu ýerde birek-birek bilen dostlaşýan körpeler wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler, saglyklaryny berkidýärler. Ösen enjamlar ornaşdyrylan gulluk, hojalyk, dynç alyş we kompýuter otaglary, kitaphana, naharhana, sport zallary bolsa çagalaryň hyzmatynda.
Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, medeni-sport hem-de beýleki ugurdaş toplumlaram çagalaryň kalbyny has-da joşdurýar.Baý many-mazmuna beslenýän gyzykly, täsirli gezelençler çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Şeýle hem olar Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gözel, taryhy ýerlerinde, Awaza akwoparkynda, Älemgoşar, Jadyly kenar, Deňiz merjeni oýun-attraksionly seýilgählerinde, Gämiler dünýäsi muzeýinde gyzykly gezelençlerde bolýarlar.
Awaza derýasyna, Hazaryň deňiz giňişliklerine guralýan gämili gezelençlerem özboluşlylygy, üýtgeşik ýakymydyr täsirleri bilen tapawutlanýar.Kalplary şatlyk-buýsançdan püre-pür bolan körpeleriň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary goja Hazaryň kenaryna ýaň salýar.
Mundan başga-da çagalar döredijilik çärelerinde goşgulary labyzly okamak, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, sahnalarda dürli keşpleri janlandyrmak, surat çekmek boýunça özara bäsleşýärler.Merkezde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-sport çäreler hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar.
Aýdym-sazlaryň alyslara ýaýraýan joşgunly owazlary bolsa körpeleriň şadyýan sesleri, erkana gülküleri bilen utgaşyp, täsin künjegiň şatlyk-şowhunyny artdyrýar.Golaýda biz Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bolanymyzda, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde alnyp barylýan işler, guralýan çäreler dogrusynda gürrüň bermegini sorap, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň bölüm müdiri Güljemal Baýlyýewa ýüz tutduk. Şonda ol: Biz diňe Arzuw çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde däl, eýsem, ýurdumyzyň sebitlerine degişli beýleki merkezlerde-de degişli çäreleri, wagyz-ündew işlerini guraýarys.
Olaryň arasynda merkezleriň hünärmenleri, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde çäreleri yzygiderli geçirýäris.Gyzykly döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň, sport ýaryşlaryň, milli oýunlaryň dowamynda biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhubelent, zehinli, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän bagtyýar nesilleriniň kemala gelýändigine guwanýarys.
Arkadagly nesillerem ajaýyp döwrümizde döwrebap dynç almak, okamak, öwrenmek, döretmek ugrunda döredip berlen nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.
