Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde uçurymlaryň konserti geçirildi

Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde uçurymlaryň konserti geçirildi

Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary tomaşaçylara her ýylky hasabat konsertini hödürledi. Konsertde nusgawy eserlerden başlap, häzirki zaman kompozisiýalaryna çenli dürli görnüşdäki eserleriň toplumy ýaňlandy.

Geçirilen konsert bu okuw mekdebinde ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemegiň we talyplaryň gazanan üstünlikleriniň görkezijisi boldy.

Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde berilýän habara görä, sahnada ýerine ýetirijilerden ýokary derejeli hünär ussatlygyny talap edýän dürli eserleriň çylşyrymly usullary ýerine ýetirildi.

Konsert bagşylar ansamblynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren Arkadagly Serdarymyz atly eseri bilen açyldy. XX asyryň tanymal argentinaly kompozitory Astor Piazzollanyň Libertango eseriniň täze tango stilindäki ýerine ýetirilişi talyplaryň ýokary hünär ussatlygynyň subutnamasydyr. Tanymal rus kompozitory we pianisti Aleksandr Skrýabiniň meşhur Etýud opus 8 № 12 dis-moll eserini okuw mekdebiniň dördünji ýyl talyby Timur Galimow ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Öwez Baýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky Owaz okuw mekdebiniň orkestri hem-de zehinli kompozitor, dirižýor, pianist Röwşen Nepesow tarapyndan ýerine ýetirilen Bahar tansy eseri täsirli boldy.

Konsert Baýramdurdy Hudaýnazarowyň we Döwletgeldi Annamyradowyň mugallymy Marina Petrowanyň ýolbaşçylygynda Köneürgenç horunyň ýerine ýetiren Buýsanjym Türkmenistan aýdymy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ilkinji konserti şowly geçdi
Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler
Messiniň 600-nji goly
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde marimba ussady“ Hen Simbalista çykyş etdi