Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Saz mugallymçylygy-hor dirižýorlygy, aýdym aýtmak sungaty hem-de kirişli we üflenip kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümleriniň mugallymlary Arazmyrat Myradowyň, Akgül Ataýewanyň, Gülhanym Lametowanyň, Merdan Nobatgeldiýewiň uçurym talyplarynyň hem-de hor we orkestr toparlarynyň çykyş etmeginde “Konserwatoriýada myhmançylykda” atly konserti geçirildi.
Konsertde birnäçe daşary ýurt we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. “Hor dirižýor” bölüminden Akgül Ataýewanyň hora ýolbaşçylyk etmeginde, IV ýyl talyplary Gülsuwa Döwletowa we Aýzada Döwletgeldiýewa P.Çaýkowskiniň “Bilbiljik”, S.Taneýewiň “Serenada” eserleri bilen çykyş etdiler.
Soňra “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden Merdan Nobatgeldiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde II ýyl talyby Halmyrat Gylyjow, III ýyl talyplary Resul Meretmämmedow, Bägül Akyýewa, IV ýyl talyby Kamila Ziýadzade Adolf Şreýneriň “Immer-Kleiner”, Maýkl Manganiň “Blýuz”, Astor Piazaollanyň “Adios Nonino” we “Obliwion” eserlerini ýerine ýetirdiler.
Soňra “Kirişli saz gurallary” bölüminden Arazmyrat Myradowyň ýolbaşçylyk etmeginde solist IV ýyl talyby Merjen Meredowa A.Wiwaldiniň skripka üçin kirişli kwartet “Konsert g-moll” op.4 eseri bilen çykyş etdi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminden Gülhanym Lametowanyň ýolbaşçylygynda III ýyl talyby Moskwa şäheriniň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly IX halkara festiwal-bäsleşiginiň laureaty Aýlar Arnageldiýewa D.Nuryýewiň “Gunça” sazly-komediýasyndan Gunçanyň aýdymyny we Juzeppe Werdiniň “Bal-maskarad” operasyndan “Oskaryň ariýasyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Kamera orkestryň ýolbaşçysy Arazmyrat Myradowyň we Akgül Ataýewanyň dirižýorlyk etmeginde, N.Halmämmedowyň “Şüküriň gelişi” we “Haýrana galar” eserleri ýaňlandy.Hor we kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde Juzeppe Werdiniň “La traviata” operasyndan “Brindisi”, Luigi Denzanyň “Funiculi-Funicula” eserleri bilen konserda has hem joşgun berdiler.
Konserdiň ahyrynda ýerine ýetirilen Hudaýnazar Amangeldiýewiň “Balkanym”eseri batly owazlar bilen ajaýyp jemlenmä öwrüldi.Konsertda görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.Konserde gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby
