2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek şäheri belli boldy

Halkara Olimpiýa Komiteti 2032-nji ýylda geçiriljek XXXV tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Awstraliýanyň Brisben şäherinde guraljakdygyny resmi ýagdaýda habar berdi.HOK-yň dolandyryş geňeşiniň bir agyzdan alan karary boýunça 2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlarynyň Brisben şäherinde geçiriljekdigi mälim edildi. Şunlukda Awstraliýa ABŞ, Beýik Britaniýa we Fransiýadan soň Olimpiýa oýunlaryny 3 gezek guran 3-nji ýurt bolar.

Mundan öň tomusky Olimpiýa oýunlary 1956-njy ýylda Melburn, 2000-nji ýylda Sidneý şäherlerinde geçirilipdi. Şeýle-de tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylda Parižde, 2028-nji ýylda-da Los Anjelesde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň owadan köçeleri
Olimpiýa oýunlary iň köp haýsy şäherlerde geçirildi?
M.K. Atatürk Awstraliýada Hatyralandy
Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
Awstraliýanyň iň köp ilatly şäheri Melburn boldy