Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler

Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler

Ertir ― 15-nji martda AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler. Olarda toparlar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin göreşerler.

Ertir gündogar sebitde dört (bäş bolmalydy, biri ýatyryldy), günbatar sebitde bolsa üç ― jemi ýedi duşuşyk geçiriler. Türkmenistanly futbol janköýerlerini şolaryň ikisi ýakyndan gyzyklandyrýar.

Olaryň biri günbatar sebitdäki Bani Ýas (BAE) ― Nasaf (Özbegistan) duşuşygydyr. Bu duşuşygyň ýeňijisi E toparçanyň wekili bolar. Häzir bu toparçada Kataryň Al-Sadd, Saud Arabystanynyň Al-Feýsali we Iordaniýanyň Al-Ramta toparlary bar.

Nasaf ertirki duşuşykda ýeňiş gazanyp bilse, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň şu möwsümine Özbegistandan wekilçilik etjek ikinji topar bolar. Eger Garşy şäheriniň topary muny başarmasa, AFK-nyň kubogynda, geçen ýylky ýaly, ýurdumyzyň çempiony Altyn asyryň garşydaşy bolar. Nasaf AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilse, yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda Altyn asyr bilen bir toparçada Özbegistandan Sogdiana ýaryşar.

Gündogar sebitdäki Wissel Kobe (Ýaponiýa) ― Melburn Wiktori duşuşygynyň ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasynyň J toparçasyna goşular. Bu toparçada Gonkongyň Kitçi toparynyň hem ýaryşýandygyny ýatladýarys. Topar ýakynda türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowy düzümine goşupdy.

Umuman, ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda aşakdaky duşuşyklar bolar:

Gündogar sebit:

Ulsan Hýonde (Ýaponiýa) ― Port (Tailand), Ulsan şäheri, Ulsan Munsu stadiony. Başlanjak wagty: 15:00 (Aşgabat wagty bilen).

Wissel Kobe (Ýaponiýa) ― Melburn Siti (Awstraliýa), Kobe şäheri, Noýewir stadiony. Başlanýan wagty: 15:00.

Tegu (Ýaponiýa) ― Buriram Ýunaýted (Tailand), Tegu şäheri, Tegu stadiony. Başlanýan wagty: 15:30.

Çançun Ýataý (Hytaý) ― Sidneý, duşuşyk ýatyryldy.

Günbatar sebit

Al-Tawun (Saud Arabystany) ― Al-Jaiş (Siriýa), Buraýda şäheri, King Salman Sport Siti stadiony. Başlanjak wagty: 20:50.

Şarja (BAE) ― Al-Zawra (Yrak), Şarja şäheri, Şarja stadiony. Başlanýan wagty: 21:15.

Bani Ýas (BAE) ― Nasaf (Özbegistan), Abu-Dabi şäheri, Baniýas stadiony. Başlanýan wagty: 21:15.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ruslan Mingazowyň we Andres Inýestanyň toparlary duşuşar
Kitçi AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi