Kitçi AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer

Kitçi AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer

Gonkongyň Kitçi futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde Taýlandda 5 hepdelik okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu barada klubyň resmi web saýty habar berýär.

Ýakynda bu toparyň düzümine türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň goşulandygyny we oňa 7-lik belginiň berlendigini ýatladýarys.

Kitçi şu ýyl AFK Çempionlar ligasynyň J toparçasynda ýaryşar. Häzir bu toparçada Gonkongyň wekilinden başga-da, Hytaýyň Şanhaý Port we Taýlandyň Çiangraý Ýunaýted toparlary bar. Toparçanyň dördünji wekili bolsa, 15-nji martda geçiriljek Wissel Kobe (Ýaponiýa) ― Melburn Wiktoriýa (Awstraliýa) saýlama duşuşygyndan soň belli bolar.

Kitçiniň Taýladdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 10-njy martda başlar. Taýlanddaky türgenleşikleriň çäginde, toparyň 4-5 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen pedagoglary Nýu-Delide halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar
AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara sanly geçelge taslamasyny işe girizýär
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy
Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda 15 oýunda 17 gol urdy
Serdar Berdimuhamedow mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi, 25-nji aprelde Urumçiden Aşgabada howa gatnawlary dikeldiler, Arçman ýene 400 orunlyk giňeldiler we beýleki habarlar