Kitçi topary futbol boýunça Gonkongyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda myhmançylykda Sautern Distrikt klubyndan üstün çykdy.
Duşuşyk 5:0 hasabynda Kitçiniň ýeňşi bilen tamamlandy. Myhmanlaryň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow toparynyň iki goluna awtorlyk etdi.
Bu ýeňişden soňra Kitçi hasabyndaky utuklaryny 42-ä ýetirdi. Topar häzirki wagtda Gonkongyň çempionatynda birinji ýerde barýar.
31 ýaşly Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde geçen ýylyň mart aýynda goşuldy. Ol Gonkongyň çempionatynyň häzirki möwsüminde 15 oýunda meýdança çykyp, 17 goly öz adyna ýazdyrmagy başardy.
