Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy

Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy

Aşgabadyň Altyn täç topary zenanlaryň arasynda geçirilen futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda Mary welaýatynyň Olimp toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Kamil Mingazowyň tälim berýän topary garşydaşyndan 4:2 hasabynda üstün çykmagy başardy. Balkan toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan Ahal hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Final duşuşygynyň yzysüresinde tapawutlanan oýunçylardyr, tälimçi bilen eminiň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, Olimp toparynyň oýunçysy Läle Haipowa Kubok bäsleşiginiň Iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi.Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 18-sini geçiren Altyn täç toparynyň oýunçysy Mariýa Çaryýewa iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy.

Altyn täjiň derwezeçisi Aýşa Annaberdiýewa iň ökde derwezeçä gowşurylýan baýraga mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän Ahal toparynyň tälimçisi Boris Borowik Iň ökde tälimçi, Guwanç Aşyrow bolsa Iň ökde emin diýlip saýlanyldy.

Ýeňiji bolanlara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow hem-de TFF-niň başlygynyň orunbasary Şatlyk Orazgylyjow gowşurdylar.

Ýeri gelende bellesek, zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubok bäsleşigine paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik eden toparlarynyň sekizisi gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda 15 oýunda 17 gol urdy
Serdar Berdimuhamedow mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi, 25-nji aprelde Urumçiden Aşgabada howa gatnawlary dikeldiler, Arçman ýene 400 orunlyk giňeldiler we beýleki habarlar