Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň — CAFA Women’s Futsal Championship-2024 halkara ýaryşyna gatnaşar. 4-11-nji fewral aralygynda guraljak halkara ýaryşy milli ýygyndylaryň 5-siniň (Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy) gatnaşmagynda geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Zenanlar ýygyndy toparymyz halkara ýaryşyna taýýarlygyň çäginde ýanwar aýynda 20 günüň dowamynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Türgenleşik ýygnanyşygynyň ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi Ýakup Öwezowyň we Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda geçirilendigini bellemek gerek.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin futzalçylaryň 14-sini milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrdylar.

Derwezeçiler: Aýşa Amanberdiýewa, Malika Eminowa.

Meýdançadaky oýunçylar: Jeren Mämmedowa, Kamila Mingazowa, Maýa Musaskaýa, Perwana Gurbanowa, Leýli Atajanowa, Swetlana Prýannikowa, Jemile Babaýewa, Malika Mämmedowa, Mariýa Çaryýewa, Ejegül Durdyýewa, Läle Haýypowa, Mariýa Hmyrowa.

Şeýle-de, MAFA-nyň ýaryşynda türkmenistanly halkara derejeli emin Merjen Bagşyýewa eminlik etmäge çakylyk aldy. TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow bolsa halkara ýaryşynda eminleriň gözükdirijisiniň wezipesini ýerine ýetirer.

Zenanlar ýygyndymyzyň oýunlarynyň tertibi (Aşgabatda wagty bilen görkezilen)

1-nji tapgyr

4-nji fewral (ýekşenbe)

14:00 - TÜRKMENISTAN - Gyrgyzystan

2-nji tapgyr

5-nji fewral (düşenbe)

16:00 - TÜRKMENISTAN - Özbegistan

3-nji tapgyr

7-nji fewral (çarşenbe)

19:00 - Täjigistan TÜRKMENISTAN

4-nji tapgyr

9-njy fewral (anna)

16:00 - Eýran - TÜRKMENISTAN

Ýene degişli makalalar

Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
2-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde bir basgançak ýokary göterildi
Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda ahalteke atlarynyň marafony geçirildi, Urumçiden Aşgabada dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi, üç sany türkmen kinofilmi Koreýadaky festiwala iberildi we beýleki habarlar