Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi

Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi

Aşgabat şäherinde geçirilýän AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň ikinji gününiň birinji ýarymynda tälimçiler toparymyz köpugurly Aşgabat stadionynyň merkezi meýdanynda UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadowyň gatnaşmagynda giňişleýin türgenleşik işlerini geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Toparlara bölünen tälimçiler ýaşajyk futbolçylaryň kömegi bilen meýdançada dürli taktiki tilsimleri geçirmäge gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolup, onuň birinji hem-de ikinji modullary 2-nji sentýabra çenli dowam eder.

Tälimçilik kursunyň UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow kömekleşýär.

Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli futbol hünärmenleriniň 15-si gatnaşýar.

Olar:

Berdimyrat Nurmyradow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysy,

Mergen Orazow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi,

Mekan Muhammetmyradow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi;

Kamil Mingazow Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi;

Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U23) baş tälimçisi;

Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň ýetginjekler (U17) ýygyndysynyň baş tälimçisi;

Ýazguly Hojageldiýew Altyn asyr toparynyň baş tälimçisi;

Maksatmyrat Şamyradow Altyn asyr toparynyň tälimçisi;

Serdar Geldiýew Ahal toparynyň baş tälimçisi;

Eziz Annamuhammedow Ahal-2 toparynyň tälimçisi;

Tofik Şukurow Köpetdag toparynyň baş tälimçisi;

Said Seýidow Aşgabat toparynyň baş tälimçisi;

Alibek Sapaýew Turan toparynyň baş tälimçisi;

Rahmanguly Baýlyýew Energetik toparynyň baş tälimçisi;

Hojaahmet Arazow Nebitçi toparynyň baş tälimçisi.

Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň 3x3 basketbol ýygyndylary Türkiýede geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
Gonkong neşiri Ruslan Mingazow bilen söhbetdeşligi çap etdi