Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy

Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy

Kitçiniň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow duşenbe güni Sapling kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda Istern bilen geçirilen duşuşykda tapawutlandy.

Onuň 52-nji minutda geçiren goly bilen hasap 1:1-e deňlendi. Duşuşyk bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Sapling kubogyna Gonkongyň premýer ligasyna wekilçilik edýän futbol toparlary gatnaşýar. Ýaryşyň maksady ýaş futbolçylaryň başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

B toparçasynda 16 utuk bilen üçünji orny eýelän Kitçi ýaryşyň indiki tapgyryna çykyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi
23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda 15 oýunda 17 gol urdy