AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ruslan Mingazowyň we Andres Inýestanyň toparlary duşuşar

AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ruslan Mingazowyň we Andres Inýestanyň toparlary duşuşar

Gonkongyň Kitçi futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji topardaşy Ýaponiýanyň Wissel Kobe topary boldy. Ýapon topary düýn geçirilen saýlama duşuşygynda Awstraliýanyň Melburn Wiktoriýasyny goşmaça ýarym sagatlyk wagtda 4:3 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, AFK Çempionlar ligasynyň J toparçasyny indi Hytaýyň Şanhaý Port, Taýlandyň Çiangraý Ýunaýted, Gonkongyň Kitçi we Ýaponiýanyň Wissel Kobe toparlary emele getirdi. Bu toparçanyň duşuşyklary 16-njy aprel ― 1-nji maý aralygynda geçiriler.

Gonkongyň Kitçisinde türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazowyň çykyş edýändigini ýatladýarys. Topar türkmenistanly ýarymgoragçyny AFK beren sanawyna hem goşdy. Toparçanyň dördünji wekilinde ― Wissel Kobede Andres Iniesta, Boýan Krikiç, Serži Samper (üçüsi hem Ispaniýa), Linkoln (Braziliýa) ýaly dünýä ýyldyzlary çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Kitçi AFK-nyň Çempionlar ligasyna Taýlandda taýýarlyk görer
Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde Gonkongyň çempiony boldy