22-nji oktýabr: ussat derwezeçileriň doglan günleri

Bu

gün 22-nji oktýabr. Sportuň taryhyna ser salanymyzda, şu gün 2 ussat derwezeçiniň, germaniýaly Bret Trautmannyň hem-de ähli

zamanalaryň iň ökde derwezeçisi hasaplanýan Lew

Ýaşiniň hem doglan günleri. Galyberse-de

mundan 71 ýyl ozal şu gün meşhur tälimçi Arsen Wenger hem dünýä

inýär. Bulardan başga-da, tennisiň 2 ägirdi Andre Agassi bilen Şteffi Graf hem Las Wegasda durmuş toýuny

edýär.

1923 Germaniýaly futbolçy, meşhur derwezeçi Bret Trautmann dünýä inýär.

1929 Russiýaly meşhur futbolçy, ähli zamanalaryň iň ussat

derwezeçisi hasaplanýan Lew Ýaşin dünýä inýär.

1949 Fransiýaly meşhur tälimçi Arsen

Wenger dünýä inýär.

1970 Niderland futbolçysy Winston

Bogard dünýä inýär.

1975 Ispaniýaly futbolçy Miçel

Salgado dünýä inýär.

2001 Amerikaly tennisçi Andre

Agassi germaniýaly tennisçi Şteffi Graf bilen Las Wegasda durmuş toýuny

edýär.

2006 Ispaniýaly F1 sürüjisi Fernando Alonso 2-nji gezek dünýäniň çempionlygyny gazanýar.

Ýene degişli makalalar

Çempion boldy, şonda-da ýeňişden doýanok
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Toni Fergýusonyň indiki garşydaşy belli boldy
MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar
“Siettl Ştorm” 4-nji gezek WNBA-nyň çempiony