
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça mejlisi geçirildi.
mejlisiniň 10-njy maýy.Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we türkmen metbugatynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy. Has takygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şeýle hem, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýyndan başlanýandygy yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmegiň saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedigini aýratyn bellediler. Saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitlenildi.