24 sagatda rekord goýdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 5-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny, wise-prezident Kamala Harrisi goldajakdygyny mälim edipdi.Entek resmi ýagdaýda yglan edilmese-de, Harris Demokrat partiýadan dalaşgärlige iň ýakyn adam hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, Baýdeniň öz ýerine Harrisi dalaşgärlige teklip etmeginden 24 sagat geçenden soňra Harris üçin 81 million dollar pul bagyşlanandygy mälim edildi.

Amerikan metbugatyna görä, agzalýan görkeziji 24 sagatda toplanan iň köp pul hasaplanýar.

ABŞ-da prezident saýlawlarynyň döwründe bagyş edilen pullaryň möçberi we pul bagyşlanlaryň sany saýlawyň netijesi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli saýlaw prosesinde saýlaw kompaniýasy üçin meýletin bagyş edilýän pullar aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar
Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar
Kamala Harris Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi
Dalaşgärlikden el çekenden soňra halka ýüzlendi
Harris ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi
Baýden we Harris Netanýahu bilen duşuşyk geçirdiler