Dalaşgärlikden el çekenden soňra halka ýüzlendi

25-nji iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmak isleginden ýüz öwrenden soň, ilkinji gezek halka ýüzlenip çykyş etdi. Amerikanyň lideri Ak tamda eden çykyşynda noýabr aýynda boljak saýlawlardan öz dalaşgärligini aýyrýandygy baradaky taryhy kararyny mälim etdi.

-Häzir Amerika üçin taryhdaky seýrek pursatlaryň biri öwrülişik pursaty gelip ýetdi, şoňa görä, biziň indiki kabul edýän kararlarymyz geljek onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň we dünýäniň ykbalyny çözmelidir diýip Baýden belledi.

-Men wezipäme hormat goýýaryn, ýöne öz ýurdumy has-da gowy görýärin. Milletimizi jebisleşdirmegiň iň gowy usuly, gezegi ýaş nesle geçirmekdir diýip Baýden belledi. Baýden özüniň demokratiýany goramak ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

-Meniň dünýädäki ýolbaşçylygym, Amerikanyň geljegine bolan garaýşym ikinji möhlete mynasypdyr, ýöne demokratiýamyzyň halas bolmagyny hiç zat, şol sanda, şahsy islegimiz bökdäp bilmez diýip Prezident Jozef Baýden belledi.

Şeýle hem, Baýden halka ýüzlenmesinde Demokratik partiýadan özüne mirasdüşer hökmünde saýlan wise-prezident Kamala Harrisi “başarnykly, güýçli” we “ýurduň lideri” diýip atlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”
Kamala Harrisiň mitingi protest edildi
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler