25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi.Oňa gatnaşmak üçin Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynyň agzasy, ýurduň Premýer-ministriniň söwda wekili baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky dostlukly döwletiň uly wekiliýeti Türkmenistana geldi.

Britan wekiliýetiniň düzümine dürli ulgamlarda ýöriteleşen meşhur kompaniýalaryň hem-de hünär ugurly edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi. Şolaryň hatarynda UK Export Finance,British Petroleum, Bloomberg LP, De La Rue, Petrofac, Rolls-Royce, Promethean World, United Insurance Brokers, JCB, Ed Broking, Shell, Buried Hill, Edgen Murray Europe Ltd, Ethos Energy, Weir Oil and Gas, Hermes Datacomms, Bristow Helicopters, Summit Conferences and Exhibitions Ltd, Expo, Intensive School of English we beýlekiler bar.

Türkmen tarapyndan mejlise hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, maliýe-ykdysady toplumyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.Forumyň öň ýanynda Aşgabatda Daşary işler ministrliginde hem-de birnäçe beýleki degişli döwlet düzümlerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi bellärliklidir. Şolarda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljekki ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Geňeşiň mejlisi umumy mejlis görnüşinde öz işine başlady. Şonuň barşynda ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady we maliýe, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalygy, bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýeti nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, daşary söwda aragatnaşyklaryny, şol sanda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ep-esli artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň hem-de özara kuwwatyň bardygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde iňlis maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň 27-si hem-de britan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 1,7 milliard dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 180-si hasaba alyndy.

Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň alyp barýan işi döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly goşant goşýar. Şonuň çäklerinde bilelikdäki işleriň esasy ugurlary we ulgamlary kesgitlenilýär. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de ýokary ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň öz strategik hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Beýik Britaniýa bilen netijeli gatnaşyk etmäge açykdygy nygtaldy.

Bu hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyny goşmak bilen hemme zerur şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygyň, daşarky ýagdaýlara dessine täsir etmegiň hem-de ykdysady gurluşyň üýtgeşmelerine uýgunlaşmagyň üpjün edilýändigi bellenildi.

Munuň özi ýakynda Aşgabatda bolan Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlar babatda berlen oňyn çaklama bahalarynda hem tassyklanyldy.Soňky ýyllarda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de bazar gatnaşyklaryna geçirmäge tarap ugry işjeň alyp barýar.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň nebitgaz pudagynyň hem-de döwlete degişli bolmadyk ulgamlarynyň paýy artýar. Şu ýyl Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň orta möhletli täze maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksadalaýyk amala aşyrylýar, ykdysady, salgyt-býujet, pul-karz, baha, daşary ykdysady we sebit syýasatyny kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär.

Maliýe ulgamynyň durnuklylygy hem-de onuň ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, maýa goýum işjeňligini saklamaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik işlerini güýçlendirmäge hem-de eksporty artdyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn ugry üpjün edilýär. Ýurdumyzda 200-den gowrak iri maýa goýum taslamasy amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimizi düýpli döwrebaplaşdyrmaga alnan ugur daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini şertlendirdi. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmak, innowasion önümçilikleri döretmek, sanly ulgama geçmek möhüm ugurlar bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlar boýunça örän uly tejribä eýe bolan Beýik Britaniýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanda iş ýüzünde anyk ulanylyp bilner.

Dürli ugurlarda we pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň anyk geljegi bar.Prezident maksatnamasyna laýyklykda, öňümizdäki ýedi ýylyň dowamynda hususy ulgamda ýüzlerçe kiçi, orta we iri senagat kärhanalaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Agzalan döwürde şeýle hem daşary ýurt hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklar dörediler, hereket edýän döwlet kärhanalary hususylaşdyrylar, paýdarlar jemgyýetleri dörediler.

Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen baglylykda, binýatlaýyn özgertmeler amala aşyrylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanýan maýa goýum syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraply işewür gatnaşyklary yzygiderli artdyrmak üçin hemme zerur bolan ykdysady, durmuş we hukuk şertlerini üpjün edýär. Ýangyç-energetika pudagy türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolup, ýangyç-energetika toplumyna degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine anyk goşant goşýar.

Häzirki wagtda şu babatda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi ileri tutulýan ugra degişli taslama bolup durýar. Şeýle hem türkmen mawy ýangyjyny Ýewropa ugruna ibermegiň mümkinçiliklerine, hususan-da, köp ýurtlaryň maýadarlarynyň gyzyklanma bildiren Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyna garalýar.

Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň netijesinde, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alyş ugry bilen bir hatarda, gaýtadan işleýän pudak, gaz we nebithimiýa ugry depginli ösdürilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary hilli önümleri çykarmaga ukyply täze önümçilikleri döretmäge gönükdirilen häzirki zaman senagat düzümi kemala getirilýär. Şunda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurlan gazhimiýa toplumyny, Euro-5 ölçegi boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän tebigy gazdan ýangyç öndürjek zawodyň tamamlanyp barýan gurluşygyny aýdyň mysal hökmünde getirip bolar. Ýene-de birnäçe degişli taslamalaryň üstünde işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan britan maýadarlaryna bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär.

Nebiti gaýtadan işleýän pudakda hem innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.Bu pudagy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri senagatda, gurluşykda, ulag ulgamynda, oba hojalygynda ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin esasy serişde hökmünde polimerleri, şeýle hem durmuşda ulanylýan harytlaryň giň görnüşlerini çykarmak boýunça ýurdumyzda iri önümçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Himiýa senagaty hem özara gatnaşyk etmek üçin geljegi uly pudak hökmünde görülýär.Bu senagatyň kärhanalary isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşlerini öndürýär.Tebigy gazyň uly gorlaryny goşmak bilen, Türkmenistanyň serişde mümkinçilikleri mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini, şol sanda azot dökünlerini öndürmäge şert döredýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hem türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.Bu ulgam söwda-ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Bu ugurda ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen, iri möçberli taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyryp, sebit we transkontinental derejede utgaşykly ulag-üstaşyr düzüminiň kemala getirilmegine uly goşant goşýar.

Bu ulgamda Türkmenistan hem-de Beýik Britaniýa üçin hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler açylýar.Geçen ýylyň maý aýynda Hazaryň kenarýakasynda, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlandy.Häzir tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bu kuwwatly köpugurly deňiz portunyň toplumy Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň haryt we çig-mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň giňişligindäki döwletlere çykmaga has oňaýly şertleri döredip, iri möçberli ýük akymlarynyň aralygyny hem-de ýolda bolmagynyň wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Onuň logistik mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy Britaniýanyň we umuman, Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde bolmagyny giňeltmäge hem-de berkitmäge meýilli Ýewropanyň işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biler. Ýewropadan bolan hyzmatdaşlaryň, Lazurit, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaklarynyň hem geljegi örän uludyr.

Mundan başga-da, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlarda, şeýle hem obasenagat toplumy, bilim ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň häzirki mejlisiniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de onuň köptaraply mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda täze anyk çäreleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Dostlukly döwletiň wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ysnyşykly işewür gatnaşyklary has-da ösdürmäge britan tarapynyň uly gyzyklanmasyny tassykladylar.Beýik Britaniýa ýurdumyza Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň ajaýyp guralandygy, bilelikde netijeli işlemäge döredilen şertler hem-de däp bolan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Mejlisiň dowamynda britan hyzmatdaşlary türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň esasy ulgamlary, işewür düzümleriň ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.Soňra Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi bölümler boýunça işini dowam etdi. Şolaryň barşynda energetika, maliýe ulgamlarynda, oba hojalygynda, bilim ulgamynda möhüm meseleler we hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli teklip aýdyldy. Şol gün hem forumyň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Şolarda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.

Britan kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara we özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalary tassyklanyldy.Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisiniň çäklerinde Hazar ätiýaçlandyryş Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Türkmenistan) bilen Ed Broking LLP ätiýaçlandyryş brokeriniň (Beýik Britaniýa) arasynda Ätiýaçlandyryşyň we gaýtadan ätiýaçlandyryşyň guramaçylygynyň hyzmatdaşlygy hakyndaky Ähtnama, şeýle hem şunuň ýaly resminama ýokarda agzalan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen United Insurance Brokers Ltd. ätiýaçlandyryş brokeriniň (Beýik Britaniýa) arasynda gol çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi üçin döredilen şertlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de yzygiderli esasda şunuň ýaly duşuşyklary geçirmek işini dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, geçirilen netijeli pikir alyşmalaryň ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. * * * Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde britan wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Lordlar Palatasynyň agzasy, ýurduň Premýer-ministriniň söwda wekili baronessa Emma Nikolson Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň öňünde çykyş etdi.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Abadan haly kärhanasynda bolup görmäge mümkinçilik döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar
Britan kompaniýalary Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan we Beýik Britaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýärler