23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, däp bolan hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemek hem-de geljegi uly türkmen bazaryna çykmaga çalyşýan kompaniýalar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, Beýik Britaniýanyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň altynjy mejlisiniň barşynda bu meselelere jikme-jik garaldy.Mejlis iki ýurduň hökümetleri tarapyndan guraldy hem-de şu saparyň esasy wakasyna öwrüldi.Biziň ýurdumyzdan duşuşyga maliýe-ykdysady ulgamyň, Daşary işler ministrliginiň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygy Geňeşiň başlygy, ilçi Ronald Neş açdy, ol soňky ýyllarda äşgär duýulýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini kanagatlanmak bilen belläp, türkmen Lideriniň köpýyllyk türkmen-britan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmakdaky ornuny aýratyn belledi.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň adyndan Ýewropanyň we Amerikanyň işleri boýunça ministri Alan Dunkan gutlag sözi bilen çykyş etdi.Ol çykyşynda döwletara gatnaşyklaryň we işewür hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna gysgaça syn berdi.

Britaniýanyň işewür toparlary, “Shell” we “BP” ýaly meşhur kompaniýalaryň, awiasiýa, gämiler üçin enjamlary we elektrik enjamlaryny öndürýän “Rolls Royse”, gymmat bahaly kagyzlary we bank enjamlaryny öndürýän “De La Rue”, elektroenergetika ugrunda işleýän “Aggreko” kompaniýalarynyň, şeýle hem Ýewropada abraýly maýa goýum bazary bolan Londonyň gazna biržasynyň (London Stock Exchange, LSE) önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler.

Olar özleriniň tanyşdyryş çärelerinde dürli ulgamlarda netijeli çözgütleri hem-de işläp taýýarlamalary, önümleri we hyzmatlary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri hödürlediler.Türkmenistanyň wekilleri, öz nobatynda, Beýik Britaniýanyň işewür bileleşigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän çuňňur özgertmeler hem-de senagat pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilişi, dürli pudaklaryň ösüş depgini we jemi içerki önümiň ösüşi bilen tanyşdyrdylar. 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 106,5 göterime barabar boldy. Ýokary maýa goýum işjeňligi giň möçberli özgertmeleri hem-de milli, sebit, halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda durmuş we senagat maksatly desgalaryň, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar.

Umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar.Olaryň 1 müň 800-si ýurdumyzyň kompaniýalary tarapyndan bina edilýär.Türkmenistanyň maýa goýum babatdaky abraýynyň belende galmagyna köp babatda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, kuwwatly serişde-çig mal binýady hem-de halkara talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýän ygtybarly hukuk ulgamy ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, giň geljegi we täze mümkinçilikleri açýan özara gatnaşyklarymyzyň ulgamlary giňeldilýär. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we bank ulgamlary, ulag-aragatnaşyk pudagy, oba hojalygy, bilim ulgamy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda taraplar biziň döwletlerimiziň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, täze pikirleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak üçin amatly hem-de netijeli meýdança hökmünde çykyş edýän Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşine möhüm orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän syýasatyň çäklerinde biziň ýurdumyzda gaz we nebiti çykarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, elektroenergetika ýaly esasy pudaklar işjeň ösdürilýär.Häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmegiň, energetika, himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri senagatynda, derman senagatynda, balyk we beýleki pudaklarda täze önümçilikleriň döredilmeginiň hasabyna ykdysadyýetiň çig mal ugurlylygy peselýär. Şol önümçilikler ýokary tehnologiýaly, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga ukyplydyr.

Nebitgaz toplumy senagat önümçiliginiň beýleki pudaklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berýär.Onuň esasynda ýurdumyzda elektroenergetika, nebithimiýa, mineral dökünlerini öndürmek, inžener we ulag düzümleri ýaly pudaklar ösdürilýär.Tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öňküsi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijini gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilýär, türkmen energiýa serişdelerini günbatar ugra ibermegiň mümkinçiliklerine garalýar.Maliýe ulgamynda gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny ösdürmäge, bank we býujet ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Bu ugur Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ugurdaş düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň esasy ulgamlarynyň biri bolup biler.Biziň ýurdumyz Beýik Britaniýanyň ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we brokerleriň köpüsi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujeti profisit bilen ýerine ýetirildi.Munuň özi bolsa şu serişdeleriň hasabyna Durnuklaşdyryş gaznasyny döretmäge hem-de býujet çykdajylarynyň düzüminde düýpli çykdajylaryň paýyny artdyrmaga, amatsyz daşary ýagdaýlaryň ykdysadyýetiň aýry-aýry ulgamlaryna täsirini peseltmäge mümkinçilik berdi. 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça hem Döwlet býujeti profisit bilen ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň ähli kärhanalary we guramalary maliýe hasabatlylygynyň milli standartlar ulgamyna geçdi.Ol halkara standartlaryň esasynda işlenip taýýarlanyldy.Munuň özi hem ýurdumyzyň dünýäniň ykdysadyýetine has doly goşulyşmagyna itergi berdi.

Häzirki wagtda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek işi amala aşyrylýar.Ol 2019-njy ýyla çenli tamamlanmalydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň kuwwaty, şol sanda ýeňillikli salgyt salmagyň, karz bermegiň möçberleriniň giňeldilmegi telekeçiler üçin ýeňillikli karz ulgamynyň açylmagynyň hem-de işewürligi, şol sanda daşary ýurt işewürligini alyp barmak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň hasabyna kuwwaty artýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň çäginde iňlis maýasynyň gatnaşmagynda 28 sany kärhana hem-de britan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryndan gowrak maýa goýum taslamalarynyň 174-si hasaba alyndy.

Hormatly Prezidentimiziň maksatnamasyna laýyklykda, öňümizdäki ýedi ýylyň dowamynda telekeçilik ulgamynda kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesini döretmek göz öňünde tutulýar. Şol döwürde şeýle hem daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalary döretmek ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklar dörediler, hereket edýän döwlet kärhanalary hususylaşdyrylar, paýdarlar jemgyýetleri dörediler.

Bazar gatnaşyklaryna geçmek üçin düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu giň möçberli işleriň geçirilmegi netijesinde ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk ulgamynyň paýy yzygiderli artar.

Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň seçip alan ugry daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini şertlendirdi. Özi-de öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmaga, maýa goýum önümçiliklerini gurmaga aýratyn üns berilýär.

Bu babatda britan kompaniýalarynyň ägirt uly tejribesi Türkmenistanda iş ýüzünde ulanylyp bilner.Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň şu mejlisi häzirki hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge, iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda täze ädimleri bellemäge mümkinçilik berdi. Ýangyç energetikasy, söwda we ykdysadyýet, bank ulgamy, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri kesgitlenildi. Şeýle hem iş saparynyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirip, dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Biziň ýurdumyzyň wekilleri Londonyň gazna biržasyna baryp gördüler, şol ýerde onuň işini guramagyň we dolandyrmagyň usullary bilen tanyşdylar.Düzümine bilim ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem giren biziň wekiliýetimiziň Beýik Britaniýa sapary ýene-de bir möhüm waka beslendi.

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Kembrij uniwersitetiniň bölümleriniň (“Cambridge English Language Assessment” — iňlis dili boýunça synag geňeşi hem-de “Cambridge University Press” neşirýaty) arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.Milli Liderimiziň okatmagyň milli ulgamynda we hünär taýýarlygynda, ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenleriň neslini kemala getirmekde dil ulgamyny kämilleşdirmäge we ýokarlandyrmaga ägirt uly üns berýändigini nazara almak bilen, bu resminama Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim ulgamyndaky uzak möhletli gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi bermäge ýardam eder.

Usulyýet üpjünçiligi, daşary ýurt dillerini okatmagyň okuw meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň, mugallymlary taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
Milli bilim instituty bilen Kembrij uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi
“Skills development for Poultry Feed production: strengthening cooperation between the Agricultural University and poultry producers.”
Lagerfeldiň pişigi onuň wesýet eden mirasyny almady