Türkmenistan: Daşary ýurt etiniň ýeke-täk üpjünjisi Maşgalanyň ýakyn dosty

Halkara Walýuta Fondunyň misssiýasynyň golaýda Türkmenistanda bolan ekspertleri türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet ugrunyň netijeliligine ýokary bahalary berdiler.

Elbetde, bu berlen bahalara ynanmak bolmaz.Sebäbi HWF-nyň ekspertleri hakyky ýagdaýa monitoring (syn) etmek bilen meşgullanmadylar, diňe Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berlen fiktiw (hyýaly) makroykdysady görkezijileri analizlediler.

Hakykat ýüzünde hiç bir ösüş we netijelilik barada gürrüň edere ýagdaý ýok.Türkmenistan iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär we bu gün-günden göze dürtülýär hem-de oňa düşünmek üçin indi bu ugurdan spesialist bolmak hökman däl.

Häkimiýetleriň ýagdaýy düzetmek we maliýe problemalaryny ilatyň hasabyna çözmek ugrunda edýän sandyrawuk synanyşyklary eýýäm hakyky girdejileriň, raýatlaryň satyn alyjylyk ukybynyň birden we kesgitli peselmegine, harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň gymmatlamagyna getirdi.

Bu ýagdaý adamlaryň ter hem täze azyk önümlerine hem gurplarynyň çatman başlamagyna alyp geldi.Owal Türkmenistanda şeýle problema ýokdy.

Mysal üçin, eýýäm bir bölek täze sygyr eti hem delikates hasaplanýar. Oňa derek bazar has elýeterli bahadan satylýan doň buýwol etinden dolduryldy. Hindistandan Türkmenistana uly bolmadyk partiýadaky buýwol etleri 2009-njy ýyldan bäri getirilýär. Emma, bu işe birden üç ýurtda Angliýada, Hindistanda we BAE-de hasaba alnan “Stonçest” firmasy goşulanda hakyky böwsüş boldy.

“Stonçest” 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli araçy hökmünde, Türkmenistana umumy bahasy 118 million 510 müň ABŞ dollary bolan 45 müň 916 tonna doňdurylan hindi etlerini ibermegi gurnady we ol iş dowam etdirilýär. Bu firma “Türkmenmýasomoltorg” döwlet kärhanasynyň eksklýiziw haryt üpjünjisi bolup durýar.

Hindistandan Türkmenistana getirilýän doň et önümleriniň her kilogramy 2,6 çemesi ABŞ dollaryna düşýär.Emma, ol ilata iki esse gymmat bahadan satylýar.Emma, biznes her näçe geň bolsa-da, munda däl.

Eýsem, “Stonçest” firmasynyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn töweregindäki adamlara degişli bolmagynda we şunuň bilen baglylykda döreýän köpsanly artykmaçlyklarda jemlenýär. “Stonsest” firmasynyň haryt ýerlemekden gazanan manadyny konwertasiýa etmeginde hiç wagt problemasy bolmady.

Soňky wagtlarda bolsa olar Türkmenistanyň hökümeti bilen daşary ýurt walýutasynda şertnama baglaşýarlar we ýerli puly asla görmeýärler.

“Stonçest” firmasynyň ady iňlisçeden türkmençä terjime edilende (gülmäň!) “wepaly”, ýagny ygrarly. Has anyk aýdylanda, “iň ygrarly”. Şol bir adamy degişli bolan we Dubaýda ýerleşýän ýene bir firma bar. Onuň ady “Priwilej” (Privilege Corporation General Trading Привилегия). Türkmen biznesiniň düýp binýady wepadarlyk we priwilegiýa (ýeňillikli şert, ýagdaý redaktoryň belligi) bolup durýar.

“Stonçest” we “Priwilej” firmalarynyň hakyky eýesi, Saparmyrat Nyýazowyň ozalky baş-piloty we Türkmenistanyň milli graždan awiasiýasynyň dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Gurbanow kanunylygy dürli derejelerdäki kommersiýa işleri bilen baryp iş başyndaky uçarman döwründe meşgullanmaga başlaýar.

Ol ilkinji uly pullaryny 1992-1993-nji ýyllarda, haçanda sowet rubllaryny olaryň kem-kemden dolanyşykdan aýrylýan ýerlerinde satyn alyp, olar entek ýeterlik ulanylýan ýerlerinde satanda “gazandy”.

“Türkmenhowaýollarynyň” rubldan ýüklenen TU-154 uçary bilen bir sowet respublikasyndan beýlekisine uçup, M.Gurbanow diňe öz başlyklary üçin pul gazanmady. Eýsem, özüniň hem basym dynç alşa çykyp, uçarman lybasyny biznesmeniň penjegine çalşyp bilmegi üçin ýeterlik maýa toplady.

Başda ol Aşgabatda ýaşap, şol ýerden hereket etdi we türkmen nebit önümleriniň söwdasy bilen meşgullandy. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň kanun goraýjy organlarynda oňa berilmeli bir topar sorag toplandy.

Netijede, M.Gurbanow Orsýete gitmeli boldy, soň bolsa başbütin Emiratlara gitdi.Emma, türkmen kanunçylygy bilen arada problema dörändigine garamazdan, Gurbanow Türkmenistanda biznes bilen meşgullanmagyny hiç wagt bes etmedi we hatda, kem-kemden öz iş pudagynyň gerimini giňeldip, respublika şol bir wagtyň özünde birden hemme zady elekronikadan we gurluşyk materiallaryndan başlap, azyk önümlerine çenli iberip başlady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ozalky uçarmanyň ýagdaýy kadalaşdy we ol basym prezidentiň aýal doganynyň adamsy, Türkmenistandaky hususy telekeçiligi tutuşlygyna diýen ýaly ogullary Hajymyradyň we Şamyradyň üsti bilen kontrollykda saklaýan gudraty güýçli’ Nazar Rejebow bilen ysnyşmagy başardy.

Olar bilen, öz gezeginde, Muhammet Gurbanowyň çagalary Merdan we Maksat hem aralaryny sazlady.

Merdan Gurbanow öz kakasynyň “Stonçest” we “Priwilej” firmalarynyň baş direktory bolmak bilen şu günki günde Türkmenistana Hindistandan et getirmek bilen meşgullanýar we zordan güzeranyny aýlaýan ýönekeý türkmen telekeçileri bilen deňeşdirilende görlüp-eşidilmedik amatlylyklar netijesinde Gurbanowlaryň maşgalasyna ummasyz uly girdeji getirýär.

Merdan Gurbanowyň inisi Maksat hem maşgala biznesiniň ösmegine uly goşant goşýar.Ol köplenç ýanlarynda bolup, olar bilen syýahat edip, her hili ýollar bilen göwünlerini hoşlap we olaryň orunlaryndan peýdalanyp, prezidentiň ýegenleriniň orruk ortasyna aralaşdy.

Mysal üçin, ýokardaky suratda Maksat Gurbanow Fransiýadaky Alp daglarynda Kurşaweldäki “Les Airelles” dag-lyža otelinde Hajymyrat Rejebow bilen dynç alýar.Bu fotosurat Hajymyradyň Instagramdaky şahsy hasabyndan alyndy.Maksadyň şampan çakyryny içip surata düşen otelindäki iň arzan otagyň bir gijelik bahasy 1650 ýewro we olaryň bu ýerde näçe wagt keýp çekeni belli däl.

M.Gurbanow çepden gyrada. Sagdan gyrada Şamyrat Rejebow

Bu fotosuratda Maksat Gurbanow prezidentiň beýleki bir ýegeni Şamyrat Rejebowyň doglan gününde dynç alýar.Sentýabryň aýagynda Şammynyň Aşgabatda ony şeýle atlandyrýarlar 30 ýaşy doldy. Ýaş toýy tutulýanyň hormatyna tanymal bagşy Hajy Ýazmämmedow aýdym aýtdy.

Mundanam başga, Gurbanowlaryň agramyny golaýda Maksadyň türkmen gözeli Sülgün Çaryýewa, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we “Türkmennebitgaz” döwlet korporasiýasynyň ozalky başlygy, häzir türmede hem bolsa, täsirini we baýlygyny ýitirmedik Ylýas Çaryýewiň gyzyna öýlenmegi hem artdyrdy.

Gyzyň kakasy türmeden telefon arkaly gyzyna ak pata berdi.Toý dabarasy bolsa, Dubaýda geçdi we köp ünsi çekdi.

Gurbanowlaryň mekan tutan ýeriniň Dubaýyň meşhur Palma adasynyň kaşaňlyga öwrenişen ýaşaýjylary olarça “Rolls-roýsdan”, “Lamborginiden”, “Porşeden” we “Mersedesden” düzülen we türkmen halylary we ýaglyklary bilen bezelen uly şowhunly toý kerweniniň fotosuratlaryny sosial ulgamlarda geň galmak bilen paýlaşdylar.

Esasy toý dabarasy üçin bäş ýyldyzly “Sofitel Dubaý Palma” oteliniň banket zaly we onlarça otagy Berdimuhamedowlaryň köpsanly maşgala agzalarynyň eýeligindäki myhmanlar üçin kärendesine alyndy.Sahnada artistler, şol sanda tanymal kemençeçi Gasan Mämmedow hem çykyş edip, myhmanlara hezil berdiler, Şammy aýdymçy Soso Pawliaşwiliniň we “Ýalla” toparynyň aýdym-sazy astynda tans etdi.

Bu dabaralar toý eýelerine birnäçe ýüz müň dollara düşdi.Emma bu olaryň Türkmenistanyň döwlet býujetinden we ýönekeý raýatlaryň jübüilerinden talap alnan we almaklaryny dowam etdirýän pullarynyň ýanynda gara şaýy bolup durýar.

Sebäbi, Hindistandan getirilýän ikinji sort buýwol etinden başga, ilkinji zerurlyk bolan azyk önümleri, şeker, un we beýlekiler Türkmenistana konteýner-konteýner edilip iberilýär. Ýurduň ykdysadyýetine edýän kontrollygyny bedew bady’ bilen ýitirýän prezident Berdimuhamedow halkyň özüni açlykdan başga ýagdaýda bagyşlajakdygyna gaty gowy düşünýär we düýbi ýukalan hazynany haryt bolçulygy görnüşini goldamak üçin gaýgyrman ulanýar.

Türkmenistanyň daşary ýurtly karzdarlaryna näçe bergisiniň bardygy belli däl.Emma bir zat belli, döwletiň öz puly iş ýüzünde doly gutardy we indi pul alara ýer ýok.

Gurbanowlaryň maşgalasy Berdimuhamedowlaryň klanynyň döwlet kärhanalarynyň üstünden baglaşylýan ylalaşyklar arkaly öz jübülerini doldurmak üçin ulanýan gurallarynyň diňe biri.Türkmenistan karzda ýaşaýar we eger hiç kime gereksiz, ujypsyzja önüm öndürýän dag-magdan baýlaşdyryş kombinatlaryny, boşap ýatan uçar menzillerini hem-de bir gezek ulanylýan golf meýdanlaryny gurnmagy haýal etmän bes etmese, bu hiç bir gowulyk bilen gutarmaz.

Häzirlikçe prezident aýdym aýdýar, tans edýär, tigir sürýär, kitap ýazýar we alabaý bilen oýnaýar.Onuň garyndaşlary bolsa, soňuny we netijesini düýpden pikir etmän, ogry telekeçiler bilen bilelikde döwleti açyk talamak bilen meşgullanýarlar.

Bolýan zatlardan çen tutanyňda, olar bu zatlaryň jebrini Türkmenistanyň halky bilen bilelikde çekmegiň pikirini etmeýärler.

Çeşme: Türkmenistanyň Alternatiw Habarlary (“Türkmenistanyň Hronikasynyň” terjimesi)

Ýene degişli makalalar

Eýranyň daşary işler ministri sapar bilen Aşgabada geldi
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Ispaniýanyň işewür wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistana geldi
Panama Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Ispaniýanyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi