25.11.2017 | Mejlisde kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär

Mejlisiň garamagyna “Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugrudyr.

Adamzada wehim salýan uly howplara, şol sanda terrorçylyga garşy hereket etmek işinde ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bu ugurdaky anyk ädimlerdir.Hususan-da, döwletimiz şu ýylyň iýun aýynda “Merkezi Aziýa-BMG ýokary derejedäki gatnaşyklaryň” jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy, BMG-niň Merkezi Aziýada Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny işjeňleşdirmegi esasy ugur edinýär.

Bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmeginde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir.Türkmenistanyň täze Kanuny terrorçylyga garşy hereketiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, döwlet häkimiýeti edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, beýleki guramalaryň, wezipeli raýatlaryň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kesgitleýär, şeýle hem adamlaryň terrorçylyga garşy göreşe gatnaşygy bilen baglanyşykly hukuk we durmuş goraglylygyny kepillendirýär.

Adamlaryň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, erkinlikleriniň goraglylygynyň; kanunylygyň; terrorçylygy duýdurmak boýunça möhüm çäreleriň we terrorçylyga sezewar bolan adamlaryň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegi şeýle hem terrorçylyk işi üçin jeze çäreleriniň gutulgysyzlygy bu göreşiň esasy ugurlary bolup durýar.

Soňra deputatlar “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalary, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.Pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin howply bolan we zyýanly neşe serişdelerini ýaýratmaga garşy göreşde anyk we wajyp orun eýeleýändigi bellenildi.

Bu babatda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ylalaşykly hereket edýär we ýurdumyz neşe hem-de psihotrop serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça halkara Konwensiýalaryna, sebitleýin we halkara taslamalara hem-de BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň (UNDOS), Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy döwlet topary netijeli işleýär.

Neşekeşligiň öňüni almak boýunça yzygiderli geçirilýän çäreler hem oňyn netijelerini berýär.Olara ähli düzümler, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem din işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşýarlar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bu işiň möhüm ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport çärelerine hut özüniň gatnaşmagy jemgyýet üçin, ilkinji nobatda ýaşlar üçin nusga alarlyk görelde bolup durýar.

Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň we olaryň bikanun dolanyşygyna gözegçilik etmek babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän hem-de raýatlaryň saglygyny goramak, döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksadynda olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmegiň kadalaryny kesgitleýän täze Kanunyň kabul edilmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek bilen, parlamentariler Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk syýasatyna hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzda Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.

Giň gerimli harby özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem edermen Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu Kanun aýdylanlaryň ýene bir subutnamasy bolup, ol harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle hem olaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.

Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bilen pikir alyşyldy.Bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, onuň sazlaşykly ösmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Obasenagat toplumyna uly möçberde maýa serişdeleri goýulýar.Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de umuman, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmelidir.Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny ýöretmek, Türkmenistanyň çäginde ähli ýerleri gurşap almak, gyzyklanýan şahslar üçin Döwlet ýer kadastrynyň ýer bölekleri baradaky maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ýer bölekleriniň üýtgäp durýan häsiýetleriniň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň üznüksizligi, Türkmenistanyň ýer gaznasynyň obýektleri hakyndaky maglumatlaryň Döwlet ýer kadastryna girizilmeginiň hökmanylygy, Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň döwlet we pudak tebigy serişdeleri hakynda kadastrlaryň, reýestrleriň we maglumat çeşmeleriniň maglumatlary, şeýle hem ýer bilen bagly bolan beýleki gozgalmaýan emläk hakynda maglumatlar bilen deňeşdirilmegi we biri-biri bilen gabat gelmekligi Döwlet ýer kadastrynyň esasy ýörelgeleri diýlip kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet ýer kadastry babatda işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän şu Kanun möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Döwlet ýer kadastry bu ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamasy hem-de ykdysady gymmaty, olaryň ýerleşýän ýeri we möçberleri, şeýle hem ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçileri boýunça bölünişi baradaky zerur maglumatlary jemleýän bir bitewi döwlet geomaglumat ulgamy bolup durýar. Ýer kadastrynda ulgama salnan maglumatlar uly halk hojalyk ähmiýetine eýe bolup durýar hem-de ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça meseleler çözülende giňden ulanylýar.

Olaryň kömegi bilen, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň meliorasiýasy, ýerli tebigy howa ye ykdysady şertleri nazara almak bilen, olary netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem deputatlar Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda, Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegi we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Kosmos işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Meýletinçilik hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Yer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.

Bulardan başga-da, maslahatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) tassyklamak hakynda”, Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda”, Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem gün tertibine Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda Karar girizildi, resminama laýyklykda, ses bermegiň ýeke-täk güni kesgitlenildi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda garamak üçin girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy
Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik
Eýranda Neşekeşleriň Bejergi Alýan Hassahanasynda Bolan Ýangynda 32 Adam Ýogaldy
Türkmen gümrükçileri halkara tejribesini artdyrýarlar
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar