25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär

25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär

Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda 2023-2024-nji ýylyň okuw ýylynyň tamamlanmagy, "Soňky jaň" dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow olara görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, 25-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri geçiriler. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdaklaryna gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Soňra ýurduň ähli orta mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Şol gün ýurduň bagtyýar uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlerine, seýilgählerine gezelençleriniň guralmagy meýilleşdirilýär. 25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurduň ähli künjeklerinde hem baýramçylyk çäreleri guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda Soňky jaň dabarasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
WATAN MERTEBESI BEÝIKDIR, GORAGY MUKADDES BORÇDUR
MOSKWA ŞÄHERINDE ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝYGYNDYLARYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
Türkmen mugallymlary hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça halkara okuwlara gatnaşýarlar
Giriş synaglaryna badalga berildi
Ýurdumyzyň bilim ojaklary täze okuw ýylynyň bosagasynda