Türkmen mugallymlary hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça halkara okuwlara gatnaşýarlar

Türkmen mugallymlary hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça halkara okuwlara gatnaşýarlar

Türkmenistanyň mugallymlary üçin Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak atly hünär kämilleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly usuly-amaly okuwlar başlandy. Çäre ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalar boýunça instituty, Moskwa döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň bilimde şahsy mümkinçiligi ösdürmegiň barlaghanasy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Geljege goşant atly haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy.

Okuwlara Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymlary, usulyýetçileri, alymlary we ylmy-barlagçylary gatnaşýarlar. Şeýle hem halkara çäresine Russiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň mugallymlary gatnaşýarlar.

Okuwyň birinji gününde oňa gatnaşyjylar üçin mazmunly okuwlar hem-de interaktiw umumy sapaklar geçirildi.Okuwyň maksatnamasy 108 sagada niýetlenip, iki tapgyrdan ybaratdyr.Birinji tapgyr fewral aýynda, ikinjisi aprel aýynda geçiriler.

Okuwlar öňdebaryjy daşary ýurtlaryň alymlarynyň, hünärmenleriniň, halkara derejeli tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda geçer.Dürli ýurtlardan gatnaşýan kärdeşler üçin kiçi toparlarda amaly okuwlaryň tapgyry göz öňünde tutulyp, olaryň dowamynda mugallymlar şahsy ösüş üçin bilim ulgamyny döretmek we dolandyrmak boýunça gyzykly ýumuşlary ýerine ýetirerler, şeýle hem mugallymçylyk tejribeleri we özleriniň ylmy-usulyýet işleriniň netijeleri bilen paýlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Okuwlaryň dowamynda Bilim edaralarynda amatly gurşawy döretmek we oňa baha bermek, Emosional intellekt we onuň gurallary, Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak boýunça esaslandyrylan maglumat merkezlerini döretmek we olar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Mugallymlaryň we dolandyryjylaryň işinde emeli aň, Bilimde subut etmek çemeleşmesi, Çagalaryň abadançylygy, saglygy we şahsy taýdan ösmegi üçin ösdürýän bilim ulgamyny döretmegiň halkara tejribesi ýaly we ençeme beýleki temalara garalar.

Usuly-amaly okuwlaryň çäklerinde, şeýle hem tematiki webinarlaryň, interaktiw söhbetdeşlikleriň, çekişmeleriň we tanyşdyrmalaryň tapgyry meýilleşdirilip, olaryň mugallymlar üçin gyzykly we netijeli bolmagyna garaşylýar. Çärä gatnaşyjylary Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak maksatnamasynyň mazmuny bilen tanyşdyrmak, ony öz hünär işiňde ulanmagyň usullaryny öwrenmek, bilim edaralarynda şahsy taýdan ösmegi öwretmegiň usulyýetleri we tehnologiýalary ulgamynda täze bilimleri we başarnyklary ele almak okuw maslahatlarynda garaşylýan netijeleridir.

Usuly we amaly taýýarlygyň netijelerini mugallymlaryň geljekde ulanmaklaryny gazanmak maksady bilen Hereketleriň meýilnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Çäre köp babatda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşmagyna ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen wekiliýeti Tatarystanda XIV halkara mugallymçylyk forumyna gatnaşdy
1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?
Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw jaýynyň täze binalary gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyşyna gatnaşdy
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar