Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly çäreler bilen giňden bellenilýär. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaň täze ― 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady.

Adatça bolşy ýaly, ir säher bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepde mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäreleri geçirildi.

Arkadag şäherinde we welaýatlarda täze bilim ojaklarynyň açylmagy baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.

Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guraldy. 1-nji synpa okuwa barýan alty ýaşly çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bilimli atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ady bilen geçildi.

2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýatlarynda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy, şeýle hem ýurtda ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleri, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.

Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw jaýynyň täze binalary gurlar
1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?