ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ

ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasyny düzýär.

Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna ajaýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim edaralary — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýaşlar üçin gapylaryny giňden açdylar.

Milli senenamamyzyň şanly senesiniň öň ýanynda ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen iri desgalaryň hatarynda paýtagtymyzda gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem bar.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Şu gün paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň ähli işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagynda: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere göterýär” diýip belleýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda döwrebap mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär, okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimediýa hem-de sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Her ýyl 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berilýär, munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine niýetlenilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Halkara hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmek işi kämilleşdirilýär, iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän bilim edaralary üstünlikli hereket edýär.

Mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly döwlet derejesindäki bäsleşikler yzygiderli esasda geçirilýär.

Bir söz bilen aýdylanda, döwletimizde ýaş nesliň aň-paýhas hem-de beden taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň häzirki zaman bilimlerini düýpli özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilýär, munuň özi geljekde olara eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugrudyr.Häzirki wagtda bu ulgamy ösdürmek üçin ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň netijeli ulgamynyň döredilmegi bu özgertmeleriň baş maksadydyr. Ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri hereket edip, olaryň uçurymlary giň gerimli maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek ýokary okuw mekdebiniň esasy wezipesidir.

Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 26 kafedra hereket edýär, olarda 3 müňden gowrak talyp bilim alýar.Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezleri girýär. Ýokarda agzalan konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, institutda içki tor döredildi, onuň binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw işine elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.

Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda işleýän işgärleriň hünär-bilim derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, institutda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetiniň hereket edýändigini bellemek gerek. Bilelikde ylmy-barlag, taslama, tejribe-konstruktorçylyk işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ylmy-barlag edaralarynda institutyň binýatlyk kafedralary hereket edýär.

Häzirki wagtda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, onuň ähli tapgyrlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okuw işiniň dowamynda innowasion çemeleşmeleriň ulanylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, TDBGI-de degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de işjeň ösdürilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.

...Dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Asylly däbe görä, dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýörite taýýarlanan münbere geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlenip, şu günüň taryhy ähmiýetini belledi. Bilimler we talyp ýaşlar güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýramlaryň biridir. Eziz Watanymyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň düýbüni tutýarys we açylyş dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar.Bu gün ir säher bilen şeýle asylly işlere başlaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu gün ýurdumyzda birbada üç sany ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulýandygyny, olaryň biriniň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň talyba niýetlenen täze binalar toplumydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýar.

Mugallymlar we bilim işgärleri yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrýarlar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Täze binalar toplumy hem mugallymlaryň we bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.

Düýbi tutulýan binalaryň ýene biri Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça binalar toplumydyr.Bu toplum 2 müň talyp üçin niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatyny artdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň energetika diplomatiýasy sebitiň ösüşine, energiýanyň ähli halklar üçin elýeterli bolmagyna, ylmyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä çykarmakda amala aşyrýan beýik işlerimiz parahatçylygyň berkemegine, halklaryň arasynda dost-doganlygyň ösmegine giň şertleri döredýär.

Döwür ösýär, täze innowasiýalar, tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, umuman, dünýäde elektroenergetikanyň ösmegi bilen, täze hünärlere, kärlere zerurlyk artýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Döwlet energetika institutynyň täze binalar toplumynyň gurulmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şu gün bu ýerde bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutýarys. Bu ýerde 5 müň talybyň bilim almagy üçin ähli şertler dörediler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ençeme etraplar, şäherçeler, şäherler guruldy. Gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalar döredildi. Bu işler häzir hem üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň ählisi biziň ykdysady kuwwatymyzy, depginli ösüşimizi aýdyň görkezýär.

Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy dünýä tejribelerini nazara alyp bina ediljek bu ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de sanlyja ýyldan talyplara häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim berler. Ýokary derejeli hünärmenleriň, mugallymlaryň nesli kemala geler.

Şu gün Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň dabaraly açylyp, ilkinji talyplaryny kabul etmegi ählimizi guwandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda gurlan bu bilim ojagy atçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Bu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň öz işine başlaýandygy hem aýratyn buýsandyryjydyr.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalary açylýar.Akademiýada bilim almak üçin ähli şertler döredilendir.Munuň özi ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatymyzyň rowaçlanýandygynyň nusgasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi hem-de täze binalar toplumynda bilim aljak ýaşlaryň, hünär derejelerini ýokarlandyrjak diňleýjileriň alan bilimlerini eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem ençemesi açylyp ulanylmaga berilýär.Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgady — «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde möhüm işlerdir.

Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi şu günki baýramçylyga uly sowgat boldy.Munuň özi täze taryhy eýýamda geljegimiz bolan ýaşlara bildirilýän uly ynamymyzyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň binýadyna şu günki şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýup, onuň düýbüni tutmaga ak pata bermegini haýyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileriniň hünär ussatlygyna hem-de mümkinçiliklerine esaslanyp, olara möhüm ähmiýetli desgalary gurmagy ynanýar.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak dünýä şähergurluşyk meýillerini hasaba almak bilen amala aşyrylar, şunda gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri giňden peýdalanylar, onuň ulanylmaga berilmegi pudaklaýyn bilim ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açýar.

Gujur-gaýratly hem-de ukyp-başarnykly ýaşlar bu ýerde döwrebap bilim alarlar, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişerler, ele alan çuňňur bilimleri, döredijilikli hem-de tutanýerli zähmeti bilen geljekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da belende götererler.

Hormatly Prezidentimiz binalar toplumynyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutyny goýup, pil bilen beton garyndysyny oklady, munuň özi halkymyzyň asylly işlere we beýik başlangyçlara ak pata bermek ýaly gadymdan gelýän ajaýyp ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde dowam etdi.Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen täze, täsin şähere kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň aýratyn hukuk derejesi berildi.

Bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň esasynda “akylly” şäher konsepsiýasy goýuldy.Onda ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň çäginde gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.

Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şäheriň taslamalary işlenip düzülende we onuň desgalary gurlanda, bu mesele ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.Desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Şäheriň ýaşaýjylary üçin jemgyýetçilik ulagynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler niýetlenildi.

Arkadag şäherine “Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, täze “akylly” şäher güwänamalaryň, diplomlaryň ençemesine mynasyp boldy we oňa BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň “539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy” atly şahadatnamasy hem bar.

Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de binagärlik we bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler sazlaşykly utgaşdyryldy.Bu ýerde döredilen, halkara ülňülere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn düzüm şäheriň ýaşaýjylary üçin has oňaýly şertleri üpjün edýär.

Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi hut şunda öz aýdyň beýanyny tapýar. Şeýlelikde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde döredilen şäher häzirki zamanyň şähergurluşyk, inžener-tehniki, intellektual pikirinde jemlenen ähli täze we oňyn ýörelgeleri özünde jemleýär.

Arkadag şäherinde gurlan bilim ulgamynyň ajaýyp desgalary hem munuň aýdyň güwäsidir.

Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem bar.Bu ýokary okuw mekdebi özüne esasy dokuz gatly hem-de onuň her tarapynda dört gatly binalary, beýleki ugurdaş binalary we desgalary birleşdirýän ajaýyp toplumda ýerleşýär.

Bu gün täze ýokary okuw mekdebi özüniň ilkinji talyplaryny kabul edýär.

Irden bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Täze ýokary okuw mekdebine barýan ýoluň iki tarapynda talyp ýaşlar ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we gülleri galdyryp durlar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Akademiýanyň baş binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda açylyş toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz atçylyk pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanşyp başlaýar. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda mähriban halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda onuň behişdi bedewleri köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.

Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy gymmatlygy bolmak bilen, ýelden ýyndam ahalteke bedewleri häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Mähriban halkymyz özleriniň gözelligi we syratlylygy bilen tapawutlanýan behişdi bedewleri tutuş dünýä sowgat bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu täsin tohumy yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny saklap galmagy hem başardy.

Meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen halkara akademiýa dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere we halypalara ägirt uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Täze ýokary okuw mekdebiniň binagärlik keşbi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň bezeginde milli bezegiň usullary ulanyldy, esasy binanyň girelgesi bolsa nal görnüşinde ýerine ýetirildi.

Akademiýanyň düzümi özüne atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetlerini, şeýle hem ugurdaş kafedralaryň 8-sini birleşdirýär.Döwrebap kompýuter, multimediýa we beýleki zerur bolan enjamlar, ýörite okuw serişdeleri bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebinde umumy, tejribe we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar, 600 orunlyk uly we 200 orunlyk kiçi mejlisler zallary bar.

Molekulýar genetika, mikrobiologiýa, immunologiýa, anatomiýa, fiziologiýa we gistologiýa hem-de beýleki barlaghana otaglary talyplaryň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr.Bularyň ählisi ýaşlara diňe bir saýlan hünäri boýunça ýokary bilim almaga däl, eýsem, ylym bilen meşgullanmaga hem mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz türgenleşik otagyna baryp, ol ýerde bedew atlara erk etmegiň düzgünleri, atly sportuň we atly ýörişiň ýokary mekdebinde dürli tilsimleri ýerine ýetirmegiň, sanly ulgamyň üsti bilen talyplara tejribede bilim bermegiň mümkinçilikleri bilen tanyşýar.

Akademiýanyň mugallymy hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, “Racewood” britan kompaniýasynyň önümi bolan türgenleşdiriji sport atynyň innowasion enjamy barada gürrüň berdi.Bu enjam kompýuteriň kömegi bilen, ýörite programma esasynda işläp, atly sportuň nusgawy — Olimpiýa görnüşleriniň biri bolan “At münmegiň ýokary mekdebi” oýnuna türgenleşmek, atlaryň tebigy we öwredilen hereketlerinde ýerine ýetirilýän emelleridir tilsimler babatda tejribe geçmek üçin niýetlenendir.

Munuň özi çapyksuwar türgenlere piaffe, ýagny aty duran ýerinde ýöretmek, gapdal ýöretmek we başga-da birnäçe emeller bilen bir hatarda aty duruzmak, yza ýöretmek ýaly tilsimleri üstünlikli özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Türgenleşdiriji sport atynyň kellesinde, boýnunda, arkasynda hem-de iki tarap depgisinde ýerleşdirilen ýerine ýetiriji sensorlaryň kömegi bilen atyň üstünde dogry oturmagy, jylawyny dogry tutmagy, takyk buýruklary bermegi özüniň hereketlerini görmek arkaly öwrenýär. Bu bolsa talyba nazary bilimlerini tejribede özleşdirip, özüni kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa talyplaryň adyndan seçip alan hünärlerini üstünlikli özleşdirmekleri babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Akademiýanyň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hünärleri üstünlikli ele almaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebiniň barlaghanalarynyň birine — molekulýar genetika barlaghana otagyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de barlaglary geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy.Häzirki wagtda molekulýar genetika häzirki biologiýanyň köp bölümleriniň usulyýet esasy bolup hyzmat edýär we ylmyň dürli ugurlarynda möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde bu ulgamda nazaryýet bilimleriniň hem-de amaly tilsimleriň özleşdirilmegi atçylyk pudagy üçin, ilkinji nobatda bolsa, seçgi-tohumçylyk işi babatda uly ähmiýete eýedir.

Bu ýerde akademiýanyň mugallymy hormatly Prezidentimizi döwrebap enjamlar arkaly ahalteke bedewlerinde genetiki barlaglary gysga wagtyň içinde hem-de takyk geçirmegiň usullary bilen tanyşdyrdy.Munuň üçin barlaghanada ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bar.

Mysal üçin, ýokary tehnologiýaly Qubit-4 enjamy DNK-nyň mukdaryny anyk ölçemäge mümkinçilik berýär.Alnan degişli nusgany barlamak işi üç tapgyrda amala aşyrylýar.Barlaglaryň netijesi sanly ulgam arkaly kompýuter toplumyna geçirilýär.

Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem gurlandygy bellärliklidir. Bu ýerde akademiýanyň talyplary geljekde öz bilimlerini kämilleşdirip hem-de ylmy barlaglara gatnaşyp bilerler.

Döwlet Baştutanymyza ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň adyndan düýpli we amaly ylym bilen meşgullanmak üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, bu aladalara jogap edip, akademiýanyň talyplary döwrebap ylmy we hünär bilimlerini özleşdirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmazlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisler zalyna baryp, halkara derejeli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Milletler Bileleşiginiň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy hem bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ÝUNESKO bilen däp bolan gatnaşyklar yzygiderli täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, “ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri” atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň — parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem halkara şahadatnamalaryň birnäçesine mynasyp boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurýar.

Täze ýokary okuw mekdebi, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň “Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa” atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Kataryň Atçylyk federasiýasynyň we Döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy we iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykdy.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň düzümine, okuw binalary bilen bir hatarda, beýleki desgalaryň hem girýändigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda kitaphana bar. Onda 240 orunlyk okalga zaly, 40 orunlyk elektron okalga zaly ýerleşýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň hem-de talyplarynyň ýokary tizlikli Internet torundan peýdalanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Kitaphanada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewleri barada döreden ajaýyp kitaplary aýratyn orun eýeleýär.Giň taryhy çeşmeleri hem-de häzirki döwrüň maglumatlaryny ylmy taýdan seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda ýazylan bu eserler daşary ýurt dillerine terjime edildi.

Munuň özi bu eserleriň daşary ýurtly hünärmenler we alymlar, umuman, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere uly gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Ýokary okuw mekdebinde muzeý hem bar.

Onda ahalteke atçylygynyň baý taryhy barada gürrüň berýän dürli gymmatlyklar hem mowzuklaýyn serişdeler ýerleşdirilipdir.

Akademiýanyň hem-de BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň (ÝUNESKO) arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 26-njy awgustda geçirilen mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, ýokary okuw mekdebiniň ýanynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi muňa ýardam etdi.

Bu klub hem şu gün açyldy.Munuň özi ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýurdumyzyň BMG-niň iri düzümi bilen özara gatnaşyklarynyň dowamy bolup hyzmat eder.

Akademiýanyň çäginde 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasy (manež) hem ýerleşýär. Bu ýerde milli at üstündäki oýunlary görkezmek, şeýle hem atly sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi, talyplar üçin trenažýorlar, okuw otaglary bar.

Degişli derejede enjamlaşdyrylan we 20 bedewe niýetlenen athana atlary saklamak hem-de olara talabalaýyk ideg etmek maksady bilen döredildi. Şeýle hem bedewleri türgenleşdirmek üçin açyk meýdança göz öňünde tutuldy.

Munuň özi talyplaryň atçylyk we seýisçilik, atly sport, at üstündäki milli oýunlar we sirk sungaty, atly syýahatçylyk ugurlary boýunça nazaryýetde aljak bilimlerini amalyýetde has-da kämilleşdirmeklerine ýardam eder.

Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurlandygy hem bellärliklidir. Bu ýerde akademiýanyň uçurymlary geljekde ukyp-başarnyklaryny hem-de alan bilimlerini ulanyp bilerler.

Bilim bermek işinde ýaş nesliň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hem uly ähmiýet berilýär. Şu maksatlar bilen, akademiýanyň sport toplumynda basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin meýdançalar, trenažýor zaly hem-de suwda ýüzmek üçin howuz göz öňünde tutuldy.

Ýokary okuw mekdebinde talyplar we mugallymlar üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde 150 we 70 orunlyk naharhanalar bar.

Akademiýanyň çäginde her biri 250 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Bu ýerde talyplar hem-de maşgalaly mugallymlar üçin ähli oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Amatly ýaşaýyş otaglary bilen birlikde, degişli otaglar, zerur bolan hojalyk enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalar ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde sport we trenažýor zallary bar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň binasyna tarap ugrady. Ol ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Sungat ussatlary — belli türkmen aýdymçylary hem-de tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

...Jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni binýady bolup durýan bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bilim şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge hem-de olary okatmaga bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we toplumlaýyn guraldyr. Şunda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we doly açmak, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamynyň ygtybarly binýady kemala getirildi, iň öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň mazmuny baýlaşdyrylýar.

Her ýylda diňe bir şäherlerde däl, Watanymyzyň iň alys künjeklerinde hem dünýä derejesine laýyk gelýän bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şu gün hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gapylaryny giňden açdy, oňa, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, zehinli mugallym, il içinde uly hormata eýe bolan Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy.

Mugallymçylyk mekdebinde 5-nji we 6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dilleri derslerini okatmaga hukuklary bolan başlangyç synp mugallymlary taýýarlanylar, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga ygtyýar berlen terbiýeçiler bilim alarlar.

3 gatly okuw binasynda giň we ýagty ders otaglary, kitaphana, arhiw, sport zaly, naharhana, şeýle hem dürli dersleri okadýan mugallymlaryň usulyýet otaglary ýerleşýär. Bu ýerde daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, kompýuter we internet otaglary hem göz öňünde tutulandyr.

Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde üç gatly iki umumy ýaşaýyş jaýy bar, olar 112 talyp üçin niýetlenendir.Onda talyplaryň boş wagtyny peýdaly geçirmekleri, okuw sapaklaryna taýýarlanmaklary, zerur bolan maglumatlar bilen tanyşmaklary, Internet torundan peýdalanmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem futbol, woleýbol, basketbol oýnamak hem-de sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalary döredilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de mekdebiň binasyna girýär.

Döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýewiň binanyň eýwanynda ornaşdyrylan ýadygärlik heýkeline tagzym edip, halk arasynda belent abraýa eýe bolan, ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ugrunda aýgytly göreş alyp baran beýik ynsany, nusgalyk watançyny hormat-sarpa bilen hatyraladylar.

Hormatly Prezidentimiz mugallymçylyk mekdebi bilen tanyşlygy binanyň birinji gatynda ýerleşýän muzeýden başlady.

Mugallym hormatly Prezidentimizi mähirli garşylap, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanyp döredilen bu muzeýiň 4 bölümden ybaratdygyny aýtdy. Olarda Berdimuhamet Annaýewiň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly durmuş ýollaryny açyp görkezýän gymmatly maglumatlar — arhiw materiallary dürli resminamalaryň, wideoşekilleriň, fotosuratlaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň gadymy taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň gaýduwsyz edermenliginiň we gahrymançylygynyň mysallaryna baýdyr.Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew aýratyn orun eýeleýär.

Mugallym hem-de merdana esger hökmünde ol ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdi.Ol Beýik Watançylyk urşunda batyrgaý söweşip, agyr ýaralanandan soňra Watanymyza gaýdyp geldi, muňa garamazdan, asylly kärini — ýaş nesle bilim we terbiýe bermegini dowam edip, özi barada iň gowy ýagty ýatlamalary galdyrdy.

Berdimuhamet Annaýew üçin mugallymçylyk işi diňe bir hünär bolman, onuň arzuwydy, halkyň öňündäki borjudy. Ussat mugallym, halkymyzyň baý edebi we folklor mirasyny wagyz ediji, köpasyrlyk medeniýetimize belent sarpa goýýan mugallym halk arasynda magaryfçy hökmünde hem giňden tanalypdyr.

Muzeýde milli bilim ulgamynyň ösüş tapgyrlaryny beýan edýän gymmatly arhiw resminamalary we fotoresminamalar hem görkezilýär.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soň, mugallym durmuş we zähmet ýoly watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän beýik halypa Berdimuhamet Annaýewiň ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerine we ýaş nesle döwrebap bilim bermek, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin özleriniň ähli bilimlerini hem-de güýç-gaýratlaryny aýamajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kompýuter otagyna geçýär.

Talyplara kompýuterde işlemegiň tälimlerini öwretmegiň kämilleşdirilmegi bilen bagly döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mugallym häzirki wagtda ýaş hünärmenlerden dürli ulgamlarda düýpli bilim almagyň, şol sanda innowasiýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmagyň talap edilýändigini belledi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şu maksat bilen ähli ýerlerde iň täze kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan, okuw enjamlary, multimediýa usullary bilen üpjün edilen mekdepler gurulýar.

Mugallym talyplaryň Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň bähbidine giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli şahsyýetler bolup ýetişmek üçin tutanýerli bilim aljakdyklaryna ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri utgaşykly öwretmäge niýetlenen okuw otagyna barýar.

Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy döwlet Baştutanymyzy bu ýerde gurnalan häzirki zaman enjamlary bilen tanyşdyrýar.

Okuw işinde ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimediýa hem-de sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Talyplaryň robot tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmekleri hem-de olary dersleriň özara baglanyşygynda okatmaga niýetlenilen ýörite STEM (Sсienсe, Teсhnology, Engineering, Mathematiсs — Ylym, Tehnologiýa, Inženeriýa, Matematika) barlaghanasy göz öňünde tutulandyr.

Dabara gatnaşyjylar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu mekdepde döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça döwrebap bilim almaga, mugallymlary bolsa netijeli zähmet çekmäge höweslendirýändigini bellediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binasyna tarap ugraýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Ähli ýerde bolşy ýaly, bu ýerde hem ir säherden uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu şanly waka mynasybetli talyp ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Mälim bolşy ýaly, halkyň saglygy we rowaçlygy baradaky alada ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesi esasynda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň özenini düzýär.Hut şonuň üçin hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy bolsa munuň aýdyň güwäsidir.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralaryny orta hünär bilimli işgärler bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen bilim edarasyny döretmek baradaky başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýan edendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň fewral aýynda lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi döredildi we şu ýylyň mart aýynda Mejlisiň karary bilen oňa zenan lukman Saçly Dursunowanyň ady dakyldy.

Täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň umumy meýdany 52 müň inedördül metrden gowrakdyr. Onuň düzümine esasy bina, sport meýdançalary, dynç alyş zolaklary hem-de ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýy girýär.

Okuw otaglarynda ornaşdyrylan döwrebap sanly tehnologiýalardyr bilim bermek serişdeleri saýlanyp alnan hünäriň we binýatlaýyn lukmançylyk ylymlarynyň — biologiýanyň, anatomiýanyň hem-de fiziologiýanyň esaslaryny çuňlaşdyryp öwrenmäge ýardam berer. Giň umumy sapak otaglary hem-de tejribe sapaklaryny geçmek üçin iň täze multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar sapaklary innowasion usulda gurnamaga mümkinçilik berer.

Toplumyň baş binasynda kompýuter hem-de lingafon otaglary, sport we köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin uly zallar ýerleşdirilipdir. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň elektron kitaphanasynyň gaznasynda köp sanly ýörite okuw we okuw-usulyýet kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-barlag işleri we monografiýalary bar.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, muzeýe barýar. Onda meşhur alym-lukman, birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesi, frontçy, harby lukman Saçly Dursunowanyň ýeňil bolmadyk durmuş we zähmet ýoly, ylmy işi baradaky dokumental materiallar jemlenipdir.

Mugallym muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdyryp, ömrüni mähriban halkyna hem-de Watanyna gulluk etmäge bagyş eden gahryman türkmen zenany baradaky hatyranyň hiç haçan öçmejekdigini, ony häzirki we geljekki nesilleriň ýatlajakdygyny belledi.

1941-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny ýaňy tamamlan ýaş hirurg meýletinçileriň hatarynda fronta gidýär.Uruşdan soňky ýyllarda alym-lukman bu ugurda köp sanly hünärmenleri taýýarlap, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.

Saçly Dursunowa «lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty» we «lukmançylyk ylymlarynyň doktory» diýen alymlyk derejelerine eýe bolýar.Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda dürli wezipelerde işlän Saçly Dursunowanyň zähmet ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin nusgalyk bolup durýar.

Mugallym hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bilim almak we işlemek üçin döredilen giň mümkinçilikler hem-de şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bildirilýän alada jogap hökmünde özüniň we kärdeşleriniň tutanýerli hem-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz biologiýa otagyna baryp, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman interaktiw tagtasynyň kömegi arkaly sapaklary innowasion usul arkaly geçmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu otag ähli zerur enjamlar, mikroskoplar we beýleki okuw gollanmalary bilen üpjün edilipdir. Döwrebap interaktiw tagta umumy we amaly sapaklary öwretmäge mümkinçilik berýär.

Wideosapaklaryň kömegi bilen Türkmenistanyň baý tebigatyna gaýybana syýahat etmek, dermanlyk ösümlikleri, olaryň gurluşyny, ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek bolýar.

Bellenilişi ýaly, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseri iň gowy gollanma bolup durýar. Bu kitapda ýerli dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda endemikleriň bejerijilik häsiýetleri, ylmy we halk lukmançylygynda ulanylyşy giňişleýin beýan edilýär.

Mugallym bilim we saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça edýän uly tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz halkara ülňülere laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilen simulýasiýa otagyna barýar.

Nazaryýet bilimleriniň tejribede berkidilmegi orta hünär bilimli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mugallym bu ýerde bar bolan döwrebap serişdeleriň — manekenleriň we görkezme esbaplarynyň talyplara saýlan hünärleri boýunça alan bilimlerini gowy özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Bu ýerde şepagatçylyk işi, reanimasiýa we çaga dogrulýan otaglar ýerleşdirilipdir. Talyplar sanjymlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmegi, arterial gan basyşyny ölçemegi, ýürek we dem alyş ulgamlarynyň reanimasiýa çärelerini geçirmek arkaly ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwrenýärler. Geljekki lukmanlary okatmakda ulanylýan bu usul olara işlerinde ýardam berer.

Mugallym täze bilim edarasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýaşlar baradaky edýän aladasy hem-de bu ýerde döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyza, baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän ýerine ugrady.

Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, onuň ajaýyp binagärlik toplumy haýran galdyrýar. Bu toplumyň üsti her ýyl täsin binalar hem-de dürli maksatly desgalar bilen ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy netijesinde, türkmen paýtagty geljege ynamly barýan, okgunly ösýän şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Bu gün bu ýerde ýene-de bir baýramçylyk dabarasy — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu akademiýa şu ýyl özüniň 15 ýyllygyny belleýär.Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen, akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança gelýär. Hemme ýerde bolşy ýaly, bu ýerde hem hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.

Ak mermerli binalar toplumy täsin binagärlik keşbi we içki bezegi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde milli binagärligiň we bezegiň däpleri häzirki döwrüň özboluşly usullary bilen utgaşýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Bu ýerde aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Garaşylýan pursat gelip ýetýär, hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we şeýlelikde, täze binalar toplumy açylýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär hem-de akademiýanyň toplumy bilen tanşyp başlaýar. Bu ýerde, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.

Akademiýanyň düzüminde iki fakultet — döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra — döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.

Akademiýanyň 600 diňleýjä niýetlenen binalar toplumynyň umumy meýdany ýedi gektara barabardyr.Baş bina ýokary amatlyklary bolan dürli okuw otaglaryny, maslahatlary geçirmek üçin zallary, onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen otaglary, kompýuter we lingafon, internet otaglaryny, kitaphanany, muzeýi, şeýle hem professor-mugallymlar düzümi üçin niýetlenen iş otaglaryny, beýleki degişli otaglary öz içine alýar.

Olaryň ählisi döwrebap enjamlar, şol sanda interaktiw displeýler bilen üpjün edildi.Munuň özi okuwlary sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy usullar, dünýäniň iň gowy tejribesi esasynda geçirmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlyga başlap, kompýuter okuw otagyna bardy we onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de programma üpjünçiligi bilen gyzyklandy.Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy akademiýanyň mugallymy we diňleýjileri mähirli garşyladylar.

Nygtalyşy ýaly, şu günki taryhy waka — Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy onuň diňleýjileri we professor-mugallymlar düzümi üçin buýsançly wakadyr.Akademiýa döwrebap kompýuter enjamlary hem-de ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi, bu ýerde sanly bilim portaly hereket edýär.

Munuň özi okuw işiniň guralyşyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Akademiýanyň mugallymy we diňleýjileri döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw otaglarynyň birine baryp, bu ýerde sapaklary geçmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde sapak geçýän mugallym döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu senä gabatlanyp, tutuş ýurdumyzda uly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Bellenilişi ýaly, milletiň baý taryhy mirasynda döwlet we döwlet gurluşy baradaky taglymatlar aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda türkmen halkynyň beýik akyldarlarynyň we nusgawy şahyrlarynyň, şol sanda Döwletmämmet Azadynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri bilimleriň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan, halkymyzyň şöhratly taryhy we onuň belent ruhy-ahlak ýörelgeleri hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen parasatly däpleri, şol sanda döwlet gurluşy we dolandyryşy bilen bagly däpleri barada gürrüň berýän ajaýyp eserleri mugallymlar üçin gymmatly usuly gollanma bolup durýar.

Akademiýanyň mugallymlarynyň we diňleýjileriniň adyndan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna täze binalar toplumynda netijeli işlemek, üstünlikli okamak babatda ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. Akademiýanyň täze binalar toplumynyň açylmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň esasy wezipeleriniň biri milli ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmakdan, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Akademiýanyň okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalaryň we interaktiw usullaryň ulanylmagy sapagy çuňňur özleşdirmäge ýardam edýär.

Döwlet gullugy akademiýasynyň düzümine 50 müň kitaby saklamaga niýetlenen kitap gaznasy bolan kitaphana girýär.Bu ýerde 60 orunlyk okalga zaly, internet zallary, döwürleýin neşirler hem-de täze neşir edilen kitaplar üçin niýetlenen zallar ýerleşýär. Şeýle hem içki elektron kitaphana ulgamy göz öňünde tutulypdyr.

Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň eserleri we ylmy işleri aýratyn orun eýeleýär.Bularyň ählisi professor-mugallymlara, diňleýjilere ylmy işleri ýazmakda, okuw sapaklaryna taýýarlanmakda kitaphananyň hyzmatyndan giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Akademiýanyň muzeý otagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyň kämil nusgasyny özünde jemleýän ömür ýoluna bagyşlanan maglumatlar hem-de ýokary okuw mekdebiniň esaslandyrylmagynyň taryhy bilen baglanyşykly resminamalar ýerleşdirilendir.

Akademiýanyň täze binalar toplumy bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz diňleýjiler üçin 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyna hem-de 50 orunlyk ýaş mugallymlara we hünärmenlere niýetlenen gulluk maksatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz otaglaryň üpjünçiligine we ýaşaýjylar üçin döredilen amatlyklaryna aýratyn üns berdi.

Akademiýanyň diňleýjileriniň we mugallymlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýaşamak, dynç almak, wagtyňy peýdaly geçirmek, şol sanda çagalar üçin oňaýly şertleriň üpjün edilendigi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Sport bilen meşgullanmak we dürli ýaryşlary geçirmek üçin hem oňyn şertler döredildi. Sport toplumy hem diňleýjileriň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde köpugurly sport zaly, dürli türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes zaly, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin niýetlenen zallar bar. Şeýle hem kiçi futbol, woleýbol we basketbol üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary, şeýle hem bassyrmaly we ýapyk görnüşli awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr.

Bir söz bilen aýdylanda, akademiýanyň täze binalar toplumynda diňleýjileriň netijeli okamagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi, şeýle hem olaryň göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin oňaýly şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow okuw binasyna barýar. Binanyň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “DUISBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik” şahadatnamasyny akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasyny gowşurýar.

Şanly waka hem-de şu gün bellenilýän baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna ýürekden gutlaglar, iň gowy arzuwlar beýan edildi.

Şu günki wakanyň hormatyna döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy bilen tanyşlygy tamamlap, akademiýanyň rektoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere abadançylyk we üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy.Bu günki wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn aladasyna okuwda, zähmetde gazanýan üstünlikleri bilen jogap berip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine hem-de rowaçlanmagyna, onuň parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Arkadag şäheriniň okuw mekdepleri ilkinji gezek talyp kabul edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar