27.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli Mizan täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy.Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary hem-de beýlekiler ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, tamamlanyp barýan 2019-njy ýylyň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň taryhynda möhüm sahypa öwrülendigini belledi.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary astynda geçýän ýylyň köp sanly şanly pursatlara, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyny, dünýä giňişligindäki belent abraýyny alamatlandyrýan taryhy wakalara beslendi.

Indiki, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy giňden we dabaraly belleniler. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup durýan bu dereje dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, ählumumy durnukly ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn şertleri üpjün edýär.

Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýedi ýyllyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, köpugurly esasda ösdürmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň möçberli meýilnamalar hem-de wezipeler yzygiderli amala aşyrylar.

Hormatly Prezidentimiz munuň özi türkmen halkynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýdyp, bu ýere ýygnananlara bagt, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ägirt uly tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, milletiň medeni-ruhy ösüşine gönükdirilen oňyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde gurlup, ulanylmaga berlen köp sanly dürli maksatly desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk edaralary, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlary bar.

Obasenagat toplumy ösüşiň täze derejesine ynamly çykýar.Ykbalyny mähriban topraga baglan hem-de yhlasly zähmeti bilen bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýän hem-de halal zähmeti bilen döwlet tapan daýhanlaryň netijeli zähmetine goldaw bermegiň we ony höweslendirmegiň oňyn ulgamy döredildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary açyldy.

Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň döwrebap dolandyryş merkezi bolan täze şäheriň düýbüniň tutulmagy şu ýylyň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.Balkan welaýatynda, Altyn asyr Türkmen kölüniň golaýynda giň möçberli önümçilik-durmuş toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde Rowaç atly häzirkizaman oba emele geldi.Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnama laýyklykda, birbada Lebap, Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda döwrebap obalaryň düýbi tutuldy.

Bu wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet adam üçindir!diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.Umuman, munuň özi Türkmenistanyň 2020-nji ýylda sazlaşykly ykdysady ösüşi gazanmagy üçin oňyn şertleri üpjün etdi.

Munuň şeýledigini dünýäniň maliýe düzümleriniň, şol sanda Halkara Pul Gaznasynyň çaklamalary hem tassyklaýar. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty oňyn netije berýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasy, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy we Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Geňeşi ýaly wajyp düzümleriň üçüsine agzalyga saýlanmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi, şeýle hem 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdine, Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.Munuň özi halkara ähmiýetli möhüm waka öwrüldi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Beýannamanyň wajyp resminama hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýaýradylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemeli.Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, gadymy däplerini we dessurlaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi ýetip gelýän 2020-nji ýyl bilen ýene bir ýola gutlap, ýurdumyzyň halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgeleriniň daşyna mäkäm jebisleşip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň amala aşyrylmagy ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.

Mizan merkezinde guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Olar belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen halkymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň waspyny ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Milli senenama boýunça Ýaldyrak döwri başlandy
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
01.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: söwda toplumy we telekeçilik
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 10. Söwda toplumy we telekeçilik
21.12.2018 | Türkmenistan — rowaçlygyň Watany
“Söwda we hyzmat 2018” atly sergi-ýarmarka