Milli senenama boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

Milli senenama boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ol sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär.

Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada Ýaldyrak döwri barada şeýle diýilýär:

Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler.Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar.

Daş-töweregiňdäki ekin-dikinlere, ösümliklere syn etseň, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýene-de 2-3 günden göz aýlasaň, jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr.

Ir oýanýan guşlar bolsa eýýäm şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler.Ine, şeýdip gün-günden tebigaty özüniň salkyn we çygly howasy bilen bezäp başlaýan Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär.

Makalada bellenilişi ýaly, Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Bu barada şeýle ýazylýar: Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladýar.

Ýaldyrak dogandan soň, çarwa-da, daýhan hem herekete girýär. Çarwa-ha gyrkym işlerine girişýär, daýhan bolsa güýzlük ekinleriň ekişine taýýarlanyp başlaýar. Ýaldyrak dogandan soňra sogandyr terligine iýilýän beýleki gök otlaryňdyr önümleriň hem ekişi başlanýar. Ýaldyragyň yssy günleri gowaçanyň bol hasyl getirmegine we pagta süýüminiň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hut şonuň üçin-de, pagtaçy daýhanlar Ýaldyrak döwründe gowaça edilýän idegi sähelçe-de gowşatmaýarlar.

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigaty goramaga we onuň gözelligini baýlaşdyrmaga aýratyn üns berip, örän oýlanyşykly çemeleşipdirler.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy
IV Çarwa Oýunlary Tamamlandy
Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi
Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üç gününde 17 medal gazandylar
Adamzadyň Müňlerçe Ýyllyk Çarwadarlar Medeniýetiniň Ýitip Gitmetmegine Ýol Bermeris