Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üç gününde 17 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üç gününde 17 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Iznik etrabynda geçirilýän Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üç gününde 17 medal gazandylar. Olaryň 6-sy altyn, 6-sy kümüş, galan 5-si bolsa bürünç medallardyr.

Dünýäniň 102 döwletinden 3 müňden gowrak türgeni özünde jemlän Oýunlara Türkmenistan 29 türgen bilen gatnaşýar.

Nusgawy göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda Atajan Rozmyradow (100 kilograma çenli agram derejesi) altyn, Sylapberdi Nuryýew (80 kilogram) we Naziýa Joraýewa (75 kilogram) kümüş, Hemra Aşyrow (60 kilogram), Arslan Hojamberdiýew (90 kilogram), Jemal Öwlüýägulyýewa (70 kilogram) dagylar bolsa bürünç medalyň eýesi boldular.

Erkin göreş boýunça dört ildeşimize öz agram derejelerinde taý tapylmady. Olar Pälwan Gurbangeldiýew (100 kilogram), Jemal Öwlüýägulyýewa (70 kilogram), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kilogram) we Derýa Abdyýewdir (90 kilogram).

Göreşiň bu görnüşi boýunça Abdyresul Durdyýew, Meýlis Gulgeldiýew we Gülnara Joraýewa dagylar, degişlilikde, 60, 70 we 65 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Annagurban Allaberdiýew bolsa 80 kilograma çenli agram derejesinde göreşip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmen türgenleriniň beýleki medallaryny kuraşçylar eýeledi. Has takygy, 63 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Kamila Pardaýewa taý tapylmadyk bolsa, 78 kilogramda Aziza Kurbanowa ikinji orny eýeledi. 90 kilogramda ýaryşan Işanmyrat Ataýew bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyndan orun aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal
"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
2026: türkmen türgenleri Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlaryna çagyrylýar
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY