Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal

29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary geçirildi. Bu oýunlarda ýurdumyza 26 türgen wekilçilik edip, 24 medal gazandylar.

Ildeşlerimiz medallary alyş göreşiniň nusgawy we erkin usullary, kuraş hem-de gazak göreşleri boýunça gazandylar. Olaryň 6-sy altyn, 7-si kümüş, 11-si bürünç medallardyr.

Türkmen türgenleri alyş göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça bir altyn, iki kümüş, üç bürünç medal gazandylar.Bu usul boýunça 100 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Atajan Rozmyradow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Sylapberdi Nuryýew 80, Naziýa Joraýewa 75 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi boldular.Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Hemra Aşyrow (60 kilogram), Jemal Owlýakulyýewa (70 kilogram) hem-de Arslan Hojamberdiýew (90 kilogram) dagy çykdy.

Türkmenistanly türgenleriň alyş göreşiniň erkin usuly boýunça gazanan üstünlikleri has-da netijeli boldy.Olar bu usul boýunça jemi dokuz gezek hormat münberine çykmagy başardylar.Erkin usuldaky altyn medallarymyzy 100 kilograma çenli agram derejesinde Pälwan Gurbangeldiýew, 70 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Owlýakulyýewa, 100 kilogramdan ýokary agram derejede Nurmuhammet Baýdogdyýew we 90 kilograma çenli agram derejesinde Derýa Abdyýew dagy boýunlaryna dakdylar.

Abdyresul Durdyýewiň (60 kilogram), Meýlis Gulgeldiýewiň (70 kilogram), Gülnara Joraýewanyň (65 kilogram) kümüş medal gazanan ýaryşynda Annagurban Allaberdiýew (80 kilogram) bilen Naziýa Joraýewa (75 kilogramdan ýokary) hormat münberiniň üçünji basgançagyny eýelediler.

Oýunlaryň kuraş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ildeşlerimiz medallaryň her derejesinden birini gazandylar. Zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde Kamila Pardaýewa taý tapylmady. 78 kilograma çenli agram derejesinde Aziza Kurbanowa kümüş, 90 kilograma çenli agramda bolsa Işanmyrat Ataýew bürünç medalyň eýesi boldular.

Gazak göreşi boýunça geçirilen ýaryşlar ildeşlerimize 5 medal bagyşlady.Bu ugurda iň gowy netijäni 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden Tejen Tejenow gazanyp, ol ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady. 60 kilogramda Begli Meretgeldiýew, 65 kilogramda Kamila Pardaýewa, 55 kilogramda Jumahal Kurbanowa, 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde Aziza Kurbanowa dagylar bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryndaky 24-nji medalyny tatar göreşinden gazandylar. Bu üstünligi 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanan Nobatgeldi Nazarow öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, türkmen türgenleri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary boýunça gazanan jemi medallarynyň sanyny 81-e çykardylar. Ildeşlerimiz 2014-nji ýylda 6 (3 altyn, 3 bürünç), 2016-njy ýylda 24 (15 altyn, 3 kümüş, 6 bürünç), 2018-nji ýylda 27 (10 altyn, 5 kümüş, 12 bürünç) medal gazanypdylar. Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Gazagystanda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy
Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ilkinji üç gününde 17 medal gazandylar
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler
Çarwadar söwda merkezinde ýerleşýän Rysgal Mebel dükany mebel nyrhlaryny 25% çenli arzanlatdy
75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider