29.06.2019 | Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk we ukrain dillerinde neşir edilen Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, häzirki döwürde Diýarymyzda bolýan daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň taryhy tejribä, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak däplerine daýanýan häzirki zaman ösüş konsepsiýasyny beýan edýändigi nygtaldy.Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly birinji hem-de ikinji kitaplar ýurdumyzda we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, iňlis, rus we başga-da birnäçe dillere terjime edildi.

Bu eseriň esasy wezipesi ýurdumyzyň taryhy ösüş ýoly bilen halkara giňişliginde eýeleýän ornuny, onuň başlangyçlaryny we döredijilik ýörelgelerini beýan etmekden ybaratdyr.Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendiren Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede köpugurly esasda syn berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu işler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman goşulyşmak hereketine ygrarlydygyny aňladýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletleriň arasynda özara peýdaly dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Milletiň medeni mirasyny saklamak, şol sanda ony düýpli öwrenmek we dünýäde wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ulag we ynsanperwerlik ugruna degişli halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär.Diňe bir sebit üçin däl, eýsem, halkara ulag-aragatnaşyk düzümi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan döwrebap ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistik merkezleri döretmek boýunça ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar.

Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýandygynyň we dünýäde logistikanyň döredilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr, şeýle hem ol milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde dikeldilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmen dilinde çykyş eden Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň(TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusenbaý Kaseinow Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda ýeten derejesini kanagatlanma bilen belledi.Bu babatda milletiň baý runy mirasyny öwrenmek, saklamak we artdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm orun degişlidir.

Dýusenbaý Kaseinow milli Liderimiziň düýpli işiniň wajyp ähmiýeti barada aýdyp, onda adamzadyň ösüşine oňyn täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň seljerilýändigini nygtady.Yklymara ähmiýetli ýol arkaly ägirt uly işler bitirilipdir, dürli halklaryň medeni taýdan özara baýlaşmagyna, halkara gatnaşyklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine mümkinçilik döräpdir, bilim, tehnologiýa, çeper usullary, pelsepewe pikirleri, tejribe alyşmak işjeň ösdürilipdir.

Häzirki döwürde onuň anyk netijeleri görünýär.Birnäçe ýurtlar çäk taýdan müňlerçe kilometr uzakda ýaşasalar-da, olaryň medeniýetlerinde umumylygy görmek bolýar.Munuň özi ýüzýyllyklaryň dowamynda medeni gatnaşyklaryň kesilmändigini we häzirki döwürde hem dowam edýändigini alamatlandyrýar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň berkemeginde iki doganlyk halkyň medeni hem-de taryhy taýdan ruhy ýakynlygynyň, iki ýurduň özara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň esasy şertdigini belledi.

Dürli medeni çäreleriň, konsertleriň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileriniň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň belli aýdymçylarynyň ikitaraplaýyn saparlarynyň guralmagy, medeniýet işgärleriniň halkara maslahatlaryna we festiwallaryna gatnaşmagy, yzygiderli guralýan Medeniýet günleri iki ýurduň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün edýär.

Türkiýede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly ylmy-populýar we edebi işleri neşir edildi.Doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar dowam edýär.Milli Liderimiziň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitabynyň türk diline terjime edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Täze neşiriň çap edilmegi ýyl-ýyldan pugtalanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm tapgyryny we döwlet Baştutanymyza bolan çuňňur hormaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply döwlet, syýasy, ylmy we medeni işiniň ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Ukrainanyň biziň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly meşhurlyga eýedigini belledi.

Onuň ukrain diline terjime edilmegi bilen ukrain okyjylaryna türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.Kitabyň ukrain dilinde neşir edilmegi iki halkyň birek-biregiň ruhy durmuşyna çäksiz gyzyklanmasyny äşgär edýär.

Bu bolsa ynsanperwer, ylym, bilim, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda netijeli türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyny we ösdürilmegini şertlendirer.Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň yglan eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri taslamasynyň çäklerinde ägirt uly işleri alyp barýandygy bellenildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleriň 25-sini Bütindünýä medeni mirasyň sanawyna girizmek teklip edildi.Bu ýerde geçirilen duşuşykda beýleki çykyş edenler hem şu pikiri ösdürdiler.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistan hem-de Merkezi Aziýa tutuşlygyna Ortaýer deňzi, Kawkaz, Hindistan we Hytaý bilen Ýewraziýanyň beýleki sebitleriniň gatnaşygyny üpjün edipdir.Bu bolsa maglumat we tejribe alşylmagyna ýardam edipdir. Şunda diňe bir söwda gatnaşyklary däl, eýsem, ýazuw, şekillendiriş sungaty, saz sungaty ösdürilipdir.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitabyň ylmy taýdan ähmiýetini, maglumat we çuňňur hem-de köptaraply beýan ediş usullaryny aýratyn nygtadylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işinde milli däpler baradaky düşünjeler, arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň aýratynlyklary möhüm orun eýeleýär.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň türkmen halkynyň taryhy ösüş ýoluna nazar aýlamaga, onuň özboluşly milli medeniýeti, däp-dessurlary, durmuş ugurlary bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly ikinji kitapda döwlet Baştutanymyz anyk maglumatlara, dokumental çeşmelere, arheologik we binagärlik ýadygärliklere, foto maglumatlara, etnografiýa resminamalara ylmy taýdan seljerme berip, ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülmeginde eýeleýän ornuna mynasyp baha berýär.

Bu kitap pederlerimiziň dünýäsine aralaşmaga, Jeýhunyň ýakasynda ýerleşen Gadymy Amula syýahat etmäge, Garagum sährasynyň söwda nokatlary, Merwiň töweregindäki şäher-galalar barada bilmäge mümkinçilik döredýär.Kitapda gadymy Marguş ýurdunyň dört müň ýyllyk taryhy, uzak aralyga guralan syýahatçylyk, kerwen ýollary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem okyjy ady rowaýata öwrülen Daňdanakan diwarlary barada köp zatlara göz ýetirer. Şol ýerde taryhyň ugruny üýtgeden söweş bolupdyr.

Tejen töweregindäki ýadygärlikler, keramatly Mäne baba, dünýäde ilkinji şäherleriň dörän ýerleri bolan Altyn depe, Ulugdepe okyjylar üçin gyzykly bolar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, kerwen ýollary, Gadymy Gündogaryň özara medeni gatnaşyklary, bu ýoluň dörän pursatda Türkmenistanyň taryhy künjekleriniň ösüşiniň şähergurluşyk aýratynlyklary, taryhy ähmiýetli ýoluň dikeldilişi, bu meseleleri öwrenmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň umumy wezipeleri ýaly meselelere degip geçýär.

Kitapda gadymy ýaýlalaryň arheologiýa, aero we älem kartografiýasy barada anyk maglumatlar getirilýär.Beýik Ýüpek ýoly onlarça döwletleriň arasynda söwda, maglumat we medeni gatnaşyklaryň döremegini şertlendirdi.Bu bolsa kitapda diňe bir türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasy hökmünde däl-de, ýurdumyzyň geljegi hökmünde garalýan meseledir.

Milli Liderimiziň täze kitabynda toplanan maglumatlar awtora geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrmaga, ertirki gün barada pikirlenmäge mümkinçilik berýär.Dünýä medeniýetiniň gadymy merkezleriniň biri bolan ýurdumyz bu gün sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň sütüni bolup hyzmat edýär hem-de ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça wajyp teklipleri öňe sürýän hem-de şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn parahatçylyk dörediji, ulag we medeni-ynsanperwer ugurlardaky başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar
Küştdepdi halklary birleşdirýän tans
Bahram Dolyýew: Ýozef Ioahimiň skripka sungaty ýörelgesini dowam edip
Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi
Ýalçyn Topçu: Dünýä dursun, sen dur Ata Watanym Türkmenistan!
Ankarada türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyryldy