Hatarynda Sabina Alikperowa, Kakageldi Hojalekow, Toýly Ýagşyýew we Bahram Bolyýew ýaly türkmenistanly zehinli ýaşlar bolan TÝuRKSOÝ-uň ýaşlar kamera orkestri Balkan ýurtlarynda çykyş edýär.Orkestr gastrolyň çäklerinde Çernogoriýanyň Setinýe şäherinde geçirilen “Espressiwo” halkara festiwalyna gatnaşyp, belli skripkaçy Wiktor Tretýakow bilen bir sahnada çykyş etdi.
Wiktor Tretýakow Natalýa Lihopaýa bilen bilelikde Dmitriý Şostakowiçiň “Iki skripka üçin 5 pýesa” eserini, çernogoriýaly skripkaçy Miran Begiç bilen “Iki skripka we orkestr üçin re minor konserti, BWV” sazyny ýerine ýetirdi.
Azerbaýjanly Mustafa Mehmandarowyň dirižýorlygynda TÝuRKSOÝ-uň ýaşlar orkestri Milowoý Pikurisanyň “Diwersiment” eserini ýerine ýetirdi. Şeýle hem konsertde Ulwi Jemal Erkiniň, Gara Garaýewiň we Nury Halmämmedowyň eserleri ýaňlandy. Ýaşlar orkestriniň sazandalary bilen bilelikde çykyşyndan galan täsirler barada gürrüň berende Wiktor Tretýakow şeýle diýdi: “ Men bu topar barada öwgüli sözleri kän eşidipdim, olar bilelikde birnäçe gezek taýýarlyk geçenimde olaryň zehinine, gujuryna we saza ussatlygyna haýran galdym. Şu ajaýyp festiwalyň çäklerinde TÝuRKSOÝ-uň ýaşlar orkestri bilen bile çykyş etmekden kän kän lezzet aldym.
Mundan başga-da, konsert 38 ýyldan soň meni dostum Dýusen Kaseinow bilen duşurdy”.Miran Begiç fegtiwalyň maksadynyň çernogoriýaly sazandalara dünýä belli saz ussatlary bilen bile çykyş etmekdedigini belledi.
Begiç: “TÝuRKSOÝ-uň ýaşlar orkestriniň ajaýyp çykyşy bizde uly täsir galdyrdy.Bu konsert hyzmatdaşlygymyzyň başy boldy, biz geljekde hem iri taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys”—diýip nygtady.
Konsert tamamlanandan soň TÝuRKSOÝ-uň Baş direktory Dýusen Kaseinow tomaşaçylary mübärekläp: “Wiktor Tretýakow ajaýyp sazanda.Men biziň orkestrimiz bilen bilelikde çykyş edendigi we ýaş sazandalaryň ussatlygyna ýokary baha berendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirýärin”-diýdi.
TÝuRKSOÝ-uň ýaşlar orkestri 3-nji awgustda Saraýewoda konsert berer. 4-nji awgustda bolsa, Zenisede geçiriljek çykyşlar bilenem orkestriň gastroly jemlener.
