29.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Biziň sebitimiz - dünýä ähmiýetli energetika we ulag-üstaşyr merkezi

Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Daşkent şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.Sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni hem-de dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär.

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan bu döredijilikli ugry yzygiderli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda anyk ädimleri ädýär.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan öň türkmen tarapy sebit gatnaşyklarynda yzygiderli çemeleşmä geçmek hakynda pikiri öňe sürüp, bu meselä öz konseptual garaýşy bilen tanyşdyrdy.Häzirki şertlerde bu pikir aýratyn derwaýyslyga hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň diňe kontinental däl-de, eýsem, umumydünýä işlerinde eýeleýän ornunyň giňelmegini nazara almak bilen, zerurlyga eýe bolýar.

Türkmen-özbek gatnaşyklary barada aýdylanda, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk, sazlaşykly häsiýeti Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda nobatdaky gezek öz subutnamasyna eýe boldy.Bu duşuşyk iki goňşy ýurduň strategiki hyzmatdaşlyga tarap ugra üýtgewsiz ygrarlydygyny, netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde giňeltmek islegini aýdyň görkezdi.

Döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Hormatly akademigi adyň dakylmagy iki döwletiň we halklaryň arasyndaky ýylsaýyn berkeýän dostlugyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şu günüň birinji ýarymynda milli Liderimiz Kuksaroý köşgüne bardy, bu ýer sammitiň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkende Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew geldiler.

Kuksaroý köşgüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylaýar.Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýadygärlik üçin surata düşdiler.Sammitiň banneriniň hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Kuksaroý köşgüniň Kiçi mejlisler zalynda ýokary derejedäki bäştaraplaýyn çäkli duşuşygy boldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşuşygy açyp hem-de daşary ýurtly kärdeşlerini mübärekläp, şu sammitiň Merkezi Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge, dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmäge, umumy meseleleri bilelikde çözmäge tüýs ýürekden çalyşýandygyny şöhlelendirýär diýip, onuň jemleriniň sebitdäki köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylar onuň gün tertibine girizilen hem-de syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara meseleleriniň derwaýys ugurlary hem-de sebitde howpsuzlygy üpjün etmek barada pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikde işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Konsultatiw duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň her biriniň sebitiň döwletleri üçin uly ähmiýetiniň bardygyny we elbetde, täsirli çäreleriň görülmegini talap edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz taraplaryň bu görnüşde bellenilen ähli meseleleri netijeli ýagdaýda ara alyp maslahatlaşyp, özara düşünişip hem-de ylalaşylan çözgütlere gelinjekdigine ynam bildirdi.Soňky döwürde biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitden daşardaky döwletler, guramalar we birleşikler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda köp işleri geçirdiler diýip, milli Liderimiz belledi.

Daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki bäştaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy.Munuň özi dünýä giňişliginde, halkara guramalarynda ädimleri netijeli utgaşdyrmaga, umuman, birek-biregiň maksatlaryna we bähbitlerine oňat düşünmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan şeýle iş tejribesini goldap, ony dowam etmeli, şeýle duşuşyklaryň ugurlaryny we mowzugyny giňeltmeli diýip hasaplaýar.Bu aýratyn-da, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, onuň dünýä gatnaşyklaryna ykdysady taýdan çalt goşulyşmagy üçin, bu ýerde daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda iri möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin biziň döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmek babatda möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Merkezi Aziýa — bu Ýewraziýa ulag ýollarynyň we energiýa akymlarynyň kesişýän ýeri, uglewodorod çig malynyň dünýä möçberindäki gorunyň jemlenen ýeri. Şonuň üçin sebitde döwrebap ulag, logistika, energetika, aragatnaşyk düzümini döretmek özara gatnaşyklaryň möhüm meselesidir.

Baş maksat — sebiti Gündogar — Günbatar, Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça ulag-logistika we energetika akymlarynyň aýrylmaz bölegine hem-de has gysga we amatly bölegine öwürmek bolup durýar. Şunda daşary gatnaşyklary işjeň ösdürmegiň ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygy aýdyňdyr.

Olar bolsa, eýýäm bar, Merkezi Aziýa+Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýa+ABŞ, Merkezi Aziýa+Russiýa formatlary işleýär, biziň döwletlerimiziň Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen durnukly gatnaşyklary ýola goýuldy.Biziň sebitimiz bilen özara gatnaşyklaryň şeýle görnüşine beýleki ýurtlar gyzyklanma bildirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bularyň hemmesi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Merkezi Aziýanyň zerurlygy baradaky düşünjesine, dünýä ýüzünde onuň bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga gyzyklanmanyň artmagy aýdyň şaýatlyk edýär.Elbetde, bu gowy ýagdaý, şonuň üçin biz jogapkär döwletler bolmak bilen, öz halklarymyzyň, şeýle hem kontinental we dünýä durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň bähbidine şeýle gatnaşyklary amala aşyrýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşyk halkara düzümleri hem-de aýry-aýry döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge, gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralaryna degişli gözükmeleri bermäge mümkinçilik döredýär.

Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak sebiti durnukly, dawasyz ösdürmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.Biziň hemmämiz bu ýurtda gapma-garşylygyň tiz tamamlanmagyna, barlyşygyň we ylalaşygyň gazanylmagyna gyzyklanma bildirýäris.Elbetde, olary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly gazanmak mümkin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz Owganystanyň ýakyn goňşulary bolmak bilen, bu işe uly goşant goşýarys, owgan halkyna uly ykdysady we ynsanperwer kömegini berýäris, muňa bolsa, goňşy ýurduň ýolbaşçylary hem-de ilaty ýokary baha berýärler.

Bu ugurda tagallalarymyzy dowam etmek halkara guramalary, ozaly bilen BMG bilen hyzmatdaşlyk Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň hem-de durmuş-ykdysady taýdan dikeltmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýaşyl ykdysadyýetiň ölçeglerini ornaşdyrmak arkaly ekologiýa töwekgelçiliklerine garşy göreşmek, önümçilik işinde ýokary ekologiýa talaplaryny berjaý etmek bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, umumy tagallalaryň netijeli utgaşdyrylmagy Merkezi Aziýanyň özboluşly tebigatyny goramaga, ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Araly halas etmek aýratyn mesele bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bu mesele boýunça ylalaşylan çözgütleriň kabul edilmegi Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işine zerur itergi bermäge, AHHG-niň Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam eder.

Suw serişdeleri — Merkezi Aziýanyň halklarynyň umumy baýlygy, olara elýeterlilik adamyň esasy hukugy bolup durýar.Oýlanyşykly, jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli çemeleşmeler, adalatlylyk ýörelgelerine ygrarlylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, suwdan peýdalanmak, durnukly ösüşiň milli we sebit meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde üstünlikli hyzmatdaşlygymyzyň girewi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ynsanperwer gatnaşyklary, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý taryhy mirasyny dikeltmek we dünýä ýaýmak, sebitde giň medeni alyşmalar üçin şertleri döretmek işlerini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Medeni, ylym, bilim gatnaşyklaryna döwlet tarapyndan goldaw berilmegi sebitiň intellektual ösüşiniň möhüm ýagdaýy bolup, adam mümkinçiliklerini açmagyň bir şerti bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçýän şu günki Konsultatiw duşuşyk bäş sany doganlyk ýurtlaryň we halklaryň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny we hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge bolan umumy islegi beýan edýär.

Biz örän uly adam, ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolup, biziň syýasy erkimiz hem-de bilelikde, egin-egne berip işlemäge, baş umumy maksada sebitimizi asuda, gülläp ösýän ülkä, halkara bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşyna, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýerine öwürmäge bolan ynamymyz bar diýip, milli Liderimiz ähli wekiliýetlere netijeli işlemegi arzuw etdi.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Kuksaroý köşgüniň Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.Duşuşyga gatnaşyjylara söz berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemäge döredilen şertler üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk sözlerini beýan edip, şu günki duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynda nobatdaky möhüm tapgyry alamatlandyrýandygyny belledi.

Bu duşuşyk sebiti durnukly ösdürmek, biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara gatnaşyklaryň mäkäm we netijeli gurallaryny döretmek, sebitiň mynasyp, deňhukukly, gadyrly hyzmatdaş hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulmagynyň durmuşa ukyply nusgalaryny döretmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu wezipeler örän möhüm, hemmämiz hem-de her birimiz üçin durmuş ähmiýetli bolup, ýokary derejede geçirilýän Konsultatiw duşuşyklaryň şu görnüşiniň diňe öz-özüni ödemek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary derejede wajyp bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şu gün biz, aslyýetinde, öz öňümizde umumy maksatlary goýýarys, wagtymyzy yzygiderli deňeşdirip, pikir alyşmak mümkinçiligini döredýäris hem-de bir aladamyz ýa-da düşünişmezligimiz ýüze çyksa, bu barada gös-göni we açyk aýdyp bilýäris.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz netijelilik, bilelikdäki döredijilik işini, doganlyk halklaryň hem-de döwletleriň umumylygyna we ykballarynyň aýry däldigine hem-de zerur netijeleri bilelikde gazanmak ynamynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarda kesgitleýji ýagdaýdygyna uly ynam bildirdi.

Biz öňümizde uly maksatlary goýup, sebitimizde mäkäm hem-de uzakmöhletleýin parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň şolary amala aşyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyna düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Soňky döwürde bu ugurda köp işleriň geçirilýändigini aýtmak gerek.Bäş döwletiň DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň gurallary işläp ugrady. Şolarda sebitiň gün tertibiniň anyk meseleleri, ilkinji nobatda, howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geňeşmeleriň şu görnüşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki has ýakyn hem-de utgaşykly hereketleri bilen berkidilip bilner. Şol düzümlerde bäştaraplaýyn geňeşmeleriň salym pursatlyk däl-de, eýsem, yzygiderli, anyk kesgitlenen ugurlary bolan görnüşlerini ýola goýmak zerurdyr.

Biziň wekiliýetlerimiziň umumy sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça aýdyň ýol görkezijileriniň, ylalaşylan ugurlarynyň bolmagy hem-de şolary maksadalaýyk gorap, birek-biregiň goldawyna daýanyp hem-de beýleki döwletleriň hataryndan pikirdeşlerini çekip bilmegi gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meselede biziň ýurtlarymyz hemişe jebis çykyş edip, öz öýünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda jogapkärçiligini hem-de berk ynamyny görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu bolsa häzir, terrorçylygyň, ekstremizmiň, guramaçylykly jenaýatyň öňküsi ýaly dünýä ýüzüne hem-de käbir döwletleriň we sebitleriň abadançylygyna howp salýan döwründe has-da möhüm ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanda ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň bu babatda ozal hem ençeme gezek beýan eden garaýşyny tassyklady.

Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz gepleşikleri geçirmek usulynyň taýsyzdygyna ynam bildirdi.

Durmuşyň görkezişi ýaly, bu ýerde güýç ulanmak netijesiz bolup, onuň geljegi ýokdur.Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit hem-de dünýä-hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti durmuşyň energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm pudaklardaky iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna Owganystanyň gatnaşmagy bolup durýar.

Türkmenistan bu ugurda yzygiderli iş alyp barýar, mälim bolşy ýaly, birnäçe iri sebit taslamalarynyň başyny başlady, şolaryň birnäçesi üstünlikli tamamlandy.Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça işleri dowam etmegi maksat edinýäris hem-de şol işlere Merkezi Aziýa döwletleriniň goşulmagyny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Owgan meselesiniň gerimini we düýplüligi, doganlyk halkyň umyt-arzuwlaryny bizden, goňşulardan başga hiç kim gowy bilmeýär hem-de duýmaýar.Owganystany goldamak işinde aýratyn orun eýelemeli wezipe hut biziň öňümizde durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany munuň üçin biziň ýurtlarymyza Owganystana hemmetaraplaýyn kömek bermek wezipesini soňa goýman, halkara gün tertibiniň möhüm meselesi hökmünde BMG-de hyzmatdaş döwletler, Sekretariat, ýöriteleşdirilen düzümler bilen yzygiderli işlemegiň zerurdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, daşarky ykdysady we syýasy merkezler tarapyndan Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar.Munuň özi tebigydyr.Biziň sebitimiz dünýä ähmiýetli energetika, ulag-üstaşyr merkezleriniň biriniň derejesinde çalt özgerýär.

Bu ýerde ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagy, çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň bähbitleri uly maýalary goýmak, iri möçberli taslamalary amala aşyrmak üçin özüneçekiji anyk ýagdaýdyr. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, maýa goýum gaznalary, käbir döwletler üçin Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan özüne çekijiliginiň diňe artjakdygyna ynam bildirdi.

Biziň wezipämiz sebitiň sagdyn ykdysady bäsdeşligiň häzirki zaman talaplaryna kybap gelmegi, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hukuklarynda dünýä hojalyk işleriniň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin mümkin bolan hemme işleri etmekden ybaratdyr.

Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde häzirki zaman energetika we ulag-üstaşyr düzümini döretmekde öňdebaryjy orny eýelemegi öz üstüne almagy gerek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu maksada ýetmek üçin iri daşary ýurt maýadarlaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen sebitiň döwletlerine daşarky hyzmatdaşlar bilen oýlanyşykly, bähbitleriň we geljegiň umumylygyna esaslanan uzakmöhletli strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky wagtda 5+ görnüşindäki özara hereketleriň örän işjeňleşendiginiň begendirýändigini belledi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň görnüşleri göz öňünde tutulýar. Şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga dünýäniň beýleki öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bar. Şunuň ýaly duşuşyklaryň gün tertibi örän giň hem-de köp dürli bolýar, ýöne olarda ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika baradaky meseleler hemişe esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol gatnaşyklary maksada laýyk alyp barmagyň, olara sebitiň düzümlerine uzakmöhletleýin maýa goýmagyň bähbitlerini we geljekki mümkinçiliklerini subut etmegiň, halkara ýöriteleşdirilen düzümleriň gurallaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda senagat, ulag, energetika ugurlary möhüm meseleler hökmünde öňe sürüldi.Gündogar-Günbatar, Aziýa-Ýewropa ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we energetika hyzmatdaşlygynyň strategiki düzümini kemala getirmekde Hazar sebitiniň hem-de serhetdeş zolaklaryň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň aýgytlaýjy orun eýeleýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk sebitiň döwletleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Kawkazyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini çykarmagy üçin Gündogar Hazaryň port düzüminiň kuwwatyny has doly peýdalanmalydygyny belledi.

Türkmenistan munuň üçin amatly şertlerde özüniň port desgalaryny hödürlemäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitiň içindäki ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmaýandygyny nygtady.Elbetde, bu ulgamda eýýäm birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmagyň mysallary bar. Ýöne Merkezi Aziýany häzirki zamanyň utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýtmak heniz ir.

Bu taslamalar bilen has içgin meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmek zerur diýip, milli Liderimiz nygtady.Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzir innowasion ösüş, ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň iň ýokary derejede möhüm meselesi hökmünde çykyş edýär.

Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň barşy bilen talap edilýär. Şunda innowasiýa netijeliligiň hem-de bäsdeşlige ukyplylygyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisinde innowasion ösüşiň mümkinçilikleriniň, ajaýyp ylmy mekdepleriň, öňdebaryjy tehnologiki işläp taýýarlamalaryň bardygyna ynam bildirdi.

Bu ugurda tagallalary birleşdirmeli, sebitiň ösdürilmegi üçin biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň ýüze çykýan innowasion häsiýet, sanly derejede ölçeg bermeli.Milli Liderimiz söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, innowasion ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyna maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, bäştaraplaýyn Işewür geňeşini döretmegiň üstünde oýlanyşmagy teklip etdi.

Bu düzüm ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça sebitiň döwletleriniň birleşdirilen strategiýasyny kemala getirmek babatda esasy dolandyryş merkeziň wezipesini öz üstüne alyp bilerdi, hökümetlere degişli teklipler bilen çykyş edip biler, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum gün tertibi boýunça anyk teklipleri taýýarlap biler.

Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi, biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy sebitdäki ekologiýa wezipesiniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, şunda Araly halas etmek baş meseleleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Geçen ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde bu ulgamda umumy tagallalar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir ylalaşyklar gazanyldy. Şeýlelikde, gaznanyň işini kämilleşdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädimler ädildi.

Bu ugurda hereket etmegi dowam etmeli, halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaly. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aral deňziniň giňişligi hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugruna çykarmak üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyjy öňe sürmek barada pikirini aýtdy.

Munuň üçin geçen ýylyň aprelinde hem-de şu ýylyň maý aýynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk atly Kararnamasy oňat esas bolup durýar.

Araly halas etmek diňe bir anyk häsiýetli wezipe däldir.Bu taryhyň hem-de hakydanyň öňünde biziň borjumyzdyr.Aral deňziniň kenarlarynda köp babatda Merkezi Aziýa siwilizasiýasy, biziň ýakynlygymyz kemala geldi diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Aralyň geljegini gaýdyp bermek üçin hemme işleri etmegiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda suw serişdelerini gorap saklamak we peýdalanmak ýaly sebitiň ýurtlary üçin örän möhüm meselä degip geçdi.Türkmenistanyň Baştutany umumy dünýägaraýşyň çäklerinde, her bir jogapkär döwletiň borjy hökmünde suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmek ýörelgelerinde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Şu esasda ikinji derejeli, ýerli bähbitler uzakmöhletleýin geljek üçin hereket etmegiň ýeke-täk strategiýasyny işläp taýýarlamaga we onuň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de umumy sebitiň maksatlaryna düşünilmegine orun bermelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi bellidir.

Biz suwdan peýdalanmak meselesine garamagyň we ony çözmegiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly diýip hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz XXI asyrda Merkezi Aziýanyň mynasyp orun eýelemegini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm syýasy, ykdysady, tehnologiki, ekologiýa wezipelerini çözmek bilen, ösüşiň umumy binýadyna daýanýarys. Şol binýat biziň halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda özara gatnaşyklaryň aýratyn, köp babatda täsin görnüşini kemala getirdi.

Ol medeniýetiň, däpleriň, gymmatlyklaryň hem-de ahlak kadalarynyň umumylygyny we ýakynlygyny özünde jemleýär.Munuň özi ata-babalarymyzdan bize miras galan örän uly gymmatlykdyr.Biz ony aýawly saklaýarys hem-de häzirki günde dowam edýäris, öz maksat-niýetlerimizi we hereketlerimizi şonuň bilen kybap getirýäris diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Häzir biziň medeniýetimiz we taryhymyz döwletara gatnaşyklaryny berkidýär, adamlaryň arasyndaky ýakynlygyň möhüm ýagdaýy bolup durýar.Giň ynsanperwer gatnaşyklara itergi berip, medeni hyzmatdaşlygy ösdürip, biz halklarymyz üçin hoşniýetlilik, özara düşünişmek hem-de birek-birege mähremlilik däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu işde sebitiň ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasy möhüm orun eýelemelidir, hut şolar ulgamlaýyn we yzygiderli esasda umumy sebit medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin ýagdaýlary döretmek başlangyjyny öz üstüne alyp biler diýip, döwlet Baştutanymyz ony Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumy diýip atlandyryp boljakdygyny teklip etdi.

Bu forumyň wezipesi, biziň pikirimizçe, ýurtlarymyzyň medeni birleşikleriniň toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamlarynda gazanylýan häzirki zaman üstünlikleri wagyz etmekden, ýaşlaryň giň gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybarat bolup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga pugta eýerýär.Biz syýasat hem-de howpsuzlyk, ykdysadyýet we söwda, ekologiýa, ylym, medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiligini we geljegini aýdyň görýäris.

Biz umumy maksatlar bilen birleşendiris, şol maksatlary amala aşyrmaga tarap yzygiderli hereket edýäris diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de şu günki duşuşygyň munuň üçin täzeden-täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew söz alyp, çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigini belledi. Şol başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygynyň anyk maksatlaryna kybap gelýär hem-de gatnaşyklary umumy bähbitleriň esasynda mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Şol gün döwlet Baştutanlary Kuksaroý döwlet kabulhanasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda bilelikdäki agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar.Munuň özi bäş ýurduň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine bardylar.Bu ýerde görnükli syýasatçynyň hem-de Garaşsyz döwleti gurmagyň gözbaşynda bolan özbek halkynyň wepaly oglunyň ýadygärligi oturdylypdyr.

Dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri ýadygärligiň etegine gül desselerini goýup, sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşan Özbegistanyň ajaýyp döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralap, hormat-sarpa goýdular.Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Döwlet Baştutanymyz uçarda barýarka Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi bilen türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça wezipeleri çözmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Bu hyzmatdaşlyga milli Liderimiziň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bolan duşuşygynda garaldy.Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara, sammitde ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryna we tekliplerine aýratyn üns berildi.

Sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini has-da ösdürmekde hem-de şeýle görnüşde pikir alşylýan meýdançany döretmekde bu duşuşygyň uly ähmiýeti nygtaldy. Şonda Liderler özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşyp biler hem-de ýeke-täk, umumy gün tertibi öňe sürüp bilerler.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we giňeltmegi özüniň baş maksady edip goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik edarasynyň işiniň ugurlaryna ünsi çekip, umuman, Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýä bazaryna ýakynlaşmagyna ýagdaýlary döretmek üçin geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, şol döwletler bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny çuňňur we yzygiderli işlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen, şol sanda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini kanagatlanma bilen belledi.Biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasynda öndürilýän oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almaga gyzyklanma bildirýär.

Milli Liderimiz şeýle gatnaşyklaryň oňyn tejribesini belläp, ony giňeltmegiň hem-de biziň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalaryň täze nusgalaryny we görnüşlerini satyn almagyň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky gürrüňini dowam edip, ylym we bilim ulgamynda iki döwlet üçin hem möhüm bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada wezipe goýdy.

Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen şeýle gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, umuman, sebitiň innowasion taýdan ösmegi, onuň aň-paýhas we adam mümkinçiligini artdyrmak üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary hem-de beýleki bilim edaralary bilen göni aragatnaşyklary ösdürmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.Munuň özi Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisi babatda hem ähmiýetlidir. Çünki onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär.

Milli Liderimiz biziň sebitimiziň uglewodorod serişdeleriniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat edip biljekdigini belläp, bu ugurda netijeli köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ulag-üstaşyr ulgamynda bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär hem-de olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly goşulmagy üçin şertleri döredýär diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze geljegini belläp, bäş Lideriň konsultatiw duşuşygynyň dowamynda garalan meseleleriň sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her biri üçin örän möhümdigini nygtady.Bu bolsa onuň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçaryň üstünde geçiren iş maslahatynda aýdanlaryny jemläp, ýolbaşçylaryň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi hem-de olary çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.Aşgabadyň Halkara howa menziline gelenden soň, milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy
Hepdäniň esasy wakalary: Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary, Türkmenistana gelnende hökmany özüňi başgalardan çetleşdirmeli, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň salgylary we beýleki temalar
ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa
Döwrüň derwaýys meselesi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlyk boýunça Beýannama gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy