Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Kuksaroý köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Liderleriniň bu ýerdäki duşuşygyndan soňra, döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler. Bu barada özbek Lideriniň resmi saýty habar berýär.

Kuksaroý köşgünde geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligi we mähirli garşylandygy üçin Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi, aýratyn-da söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi we bu gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmek, senagat hyzmatdaşlygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berdiler.

Mundan başga-da, türkmen-özbek gepleşikleriniň mazmunynda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler we beýleki degişli ugurlar barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Daşkent seýilgähi dogrusynda durup geçmek bilen, onuň açylyp ulanmaga berilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigini aýtdy. Şeýle-de şu ýylda Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmek teklip edildi.

Türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Soňra bolsa iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Döwrüň derwaýys meselesi
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag geçelgeleriniň mümkinçiligi ýokarlandyrylar
Türkmenistan, Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi