Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” köşgüne girdiler. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşine bilelikdäki söwda öýlerini açmagy teklip etdi
Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan, Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi
Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag geçelgeleriniň mümkinçiligi ýokarlandyrylar
Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy
Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi