Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşine bilelikdäki söwda öýlerini açmagy teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşine bilelikdäki söwda öýlerini açmagy teklip etdi

Şu gün Daşkentde döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Kuksaroý" köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Daşkendiň Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi kabul etmek dabarasy geçirildi.

Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar.Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, özara saparlardyr ugurdaş komitetleriň mejlislerini guramak, dostluk toparlarynyň işi arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde alnyp barylýan geňeşmeleri dowam etdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäginde tagallalary utgaşdyrmak, sebit howpsuzlygy bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy, durmuş-ykdysady ösüşi dikeltmek barada-da durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýdyp, 2026-njy ýylda Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we üçünji sebitara forumy geçirmegi, Aşgabatda hem-de Daşkentde iki ýurduň söwda öýlerini açmagy teklip etdi. Şu gün dabaraly ýagdaýda açyljak Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işi-de özara söwdany giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, oba we suw hojalygy, himiýa senagaty, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti

Ýene degişli makalalar

Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Hepdäniň esasy wakalary: Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary, Türkmenistana gelnende hökmany özüňi başgalardan çetleşdirmeli, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň salgylary we beýleki temalar
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Daşkentde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Serdar Berdimuhamedow Daşkentdäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag geçelgeleriniň mümkinçiligi ýokarlandyrylar