29-njy Oktýabr Respublika Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär

29-njy Oktýabr Respublika Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär

Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 98 ýyllygy Awstraliýada, ABŞ-da we Kataryň paýtagty Dohada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Respublika baýramy Türkiýäniň Awstraliýadaky ilçihanasy tarapyndan paýtagt Kanberradaky Atatürk ýadigärliginiň öňünde, Sidneýdäki we Melborndaky Başkonsullygy tarapyndan şäher merkezindäki Federassiýa meýdanynda dabara geçirildi.

29-njy oktýabr Respublika baýramyna bagyşlanan çäreler, Awstraliýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli az sanly adamyň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Murat Merjanyň ýolbaşçylygynda ilçihanada ýörite dabara geçirildi.

300 adamyň gatnaşmagynda geçirlen dabara Türkiýäniň we ABŞ-nyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Dabara myhmanlara türk tagamlary we türk kofesi hödürlendi.

29-njy oktýabr Respublika baýramy Türkiýäniň Katardaky ilçihanasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Sidneýiň Bondi plýažynda bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Awstraliýanyň polisiýasy ýaragly hüjümiň kaka we ogul tarapyndan amala aşyrlandygyny anyklady
Täze ýyl haçan, nirä gelýär?
Awstraliýa Eýranyň zenan futbol komandasynyň ýene-de 2 türgenine başpenalyk hukugyny berdi
Dünýäniň iň howpsuz şäherleri
London işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi
Sidneý çäklendirmeleri gowşadýar