London işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi

London işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi

Beýik Britaniýanyň London şäheri işewürlik üçin iň özüne çekiji şäher diýlip ykrar edildi. “Henley & Partners” (H&P) halkara konsalting kompaniýasynyň analitikleri şeýle netijä geldiler. Bu barada guramanyň web sahypasyna salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

Umuman alanyňda, bilermenler maýa goýumlary bilen pasport bermek boýunça işjeň programmalary bolan dünýäniň 25 şäherini deňeşdirip gördüler. Hünärmenler olary infrastrukturasynyň ösüş derejesi, howpsuzlygy, biznes etmegiň aňsatlygy we beýleki görkezijiler boýunça deňeşdirdiler. Her şäheriň gazanan netijesi onuň on görkeziji boýunça alan ballarynyň jemi bilen aňladyldy.

Bilermenleriň netijesine görä, reýtingiň ilkinji üçlügine London (705,7 bal), Nýu-Ýork (666,6) we Sidneý (647,1) girdi. Dördünji we bäşinji ýerlerde Singapur (644,7) bilen Sýurih (618.3) ýerleşdi. Reýtingiň altynjy hataryny Los-Anjeles, ýedinji hataryny bolsa Barselona eýeledi. Işewürlik üçin amatly ilkinji on şäheriň arasynda Gonkong, Wena we Toronto hem bar.

Şol bir wagtyň özünde, "Maýa goýumlary üçin pasport" maksatnamalarynyň teklip edilýän şertlerine laýyklykda, hünärmenler Lissabona we Wena iň ýokary bal berdiler.Hünärmenler Singapura "abadançylyk, infrastruktura" we "howpsuzlyk" nukdaýnazaryndan iň köp bal berdiler.

Analitikler Sýurihi ykdysady we syýasy durnuklylyk, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyndaky reýtingiň lideri diýip yglan etdiler we Sidneýi iň howpsuz şäher diýip ykrar etdiler.H&P üçin salgyt şertleri boýunça öňdebaryjy Dubaý, bilim boýunça bolsa Nýu-Ýork hasaplandy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
Syýahatçylar üçin baha-hil gatnaşygy boýunça Ýewropa şäherleriniň reýtingi düzüldi
Lissabon Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy 
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy