ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi

ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi

29-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklipleriň birnäçesini döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hususan-da, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär.

Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär.Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Lissabon Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy 
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi