Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy

Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy

Angliýanyň Liwerpul futbol topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygynda Benfikany uly hasap bilen ýeňdi. Lissabon şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýurgen Kloppyň şägirtleri birinji ýarymda ýer eýeleriniň derwezesinden iki pökgi geçirdiler: 17-nji minutda Ibraim Konate, 34-nji minutda Sadio Mane tapawutlandy.

Ikinji ýarymda ýer eýeleri Darwin Nunýesiň goly bilen bir gezek jogap berdiler (49-njy minut). Ýöne 87-nji minutda Liwerpul Luis Diasyň goly bilen ýeňşini has-da berkitdi. Indi 13-nji aprelde boljak jogap duşuşygynda olar has arkaýyn çykyş edip biler.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi