11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Eýranyň demirýol agentligi Türkmenistana bergisini üzdi, Aşgabatda Bütindünýä hindi güni bellenildi, Türkmenistan we Saud Arabystany 2024-nji ýylda haj zyýaratyny berjaý etmek bilen baglanyşykly Ylalaşyga gol çekdiler we beýleki habarlar Türkmenistanda 1. Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollary agentligi Türkmenistana demirýollary boýunça bergilerini doly töledi. Bu barada agentligiň başlygy Miad Salehi Eýranyň Demirgazyk-Günbatar demirýollarynyň dolandyryş geňeşiniň mejlisinde habar berdi.

2.Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.Resminama türkmen wekiliýetininiň 8 — 11-nji ýanwar aralygynda Jidda şäherinde 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän Haj we umra hyzmatlary atly halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekildi.

3. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Institutyň talyplary hindi aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirip, hindi dilinde goşgy okadylar.

4.Aşgabatda türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagyna bagyşlanyp geçirilen öňdebaryjy milli dizaýnerleriň moda görkezişleri tamamlandy.Moda görkezilişine Fransiýanyň moda birleşiginiň prezidenti Hind Žudar gatnaşdy.

Ol bu günki günde türkmen dizaýnynyň we türkmen modasynyň öz ýüzüne hem-de aýratynlyklaryna eýe bolandygyny belledi we milli lybaslaryň moda dünýäsindäki häzirki zaman tendensiýalar bilen utgaşdyrylmagyny dowam etdirmäge çagyrdy. Şeýle hem Žudar türkmen dizaýnerleriniň ýokary hünär derejesiniň bardygyny aýratyn nygtady.

5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi aw baýlyklarynyň döwlet kadastrlaryny ýöretmegiň täze Tertibini tassyklady. Onda aw edilýän ýabany haýwanlar baradaky maglumatlary bir umumy resminama toplamagyň, ulgamlaşdyrmagyň tertibini kesgitlenýär. Döwlet kadastry aw baýlyklarynyň durnukly we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, olaryň goralyşyna we sanynyň köpelmegine döwlet gözegçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýöredilýär.

Dünýäde 6. Brýusseliň ýolbaşçylary metrolarda azyk awtomatlaryndaky iýmitleri we gazly suwlary has sagdyn önümler guradylan miweler we bugdaý unundan çörek bilen çalyşmak kararyna geldiler. Synag hökmünde şeýle enjamlar ýanwar aýynyň ahyrynda üç stansiýada gurlar. Synag üstünlikli bolsa, ýylyň ahyryna çenli ähli metro stansiýalarynda sagdyn iýmitler peýda bolar.

7.Ispaniýanyň demirgazyk-günbatarynda ýüzlerçe meýletinçi kenara zyňylan plastik bölejikleri arassalamak üçin çykdylar.Dekabr aýynda Portugaliýanyň çäklerindäki suwlardan geçip barýan söwda gämisinden içinde granulirlenen plastik bolan köp sanly birnäçe tonnalyk konteýnerler gaçdy.

Bu bölejikler gündelik esbaplary ýasamak üçin ulanylýar, ýöne ol zäherlidir we dargamaýarlar.Ispanlar Hökümetiň durmuşa geçirjek çärelerine garaşmazlyk kararyna geldiler we kenarlary özleri arassalap başladylar.Bölejikler ellikler biler adaty süzgüçler arkaly ýygnalýar.

Sport habarlary 8.Enfild stadionynda Liwerpul bilen Fulhamyň arasyndaky Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň ilkinji ýarym final oýny geçirildi.Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.Duşuşyk Türkmenistan Sport teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. 19-njy minutda myhmanlar öňe saýlandy Andreas Pereýranyň pasy bilen Willian tapawutlanmagy başardy. Şeýle-de bolsa, ikinji ýarymda Ýurgen Kloppyň şägirtleri oýnuň ugruny üýtgetmegi başardylar.

Liwerpul bilen Fulhamyň arasyndaky Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygy 24-nji ýanwarda Londonda geçiriler.

9. Braziliýanyň futbol konfederasiýasy 61 ýaşly Doriwal Žunioryň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Doriwal San-Paul toparynyň tälimçisi wezipesinden aýryldy we milli ýygyndyda 5-nji ýanwarda işden boşadylan Fernando Diniziň ýerine geçdi. Diniziň döwründe braziliýalylar 6 oýunda bary-ýogy 2 ýeňiş gazandylar.

10. Ispaniýanyň Super kubogynyň ilkinji ýarym finalynda Madridiň Realy goşmaça wagtdaky yhlasynyň netijesinde Atletiko toparyny 5:3 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty 3:3 hasabynda tamamlandy, şa toparyna ýeňşi Hoselunyň we Diasyň goşmaça wagtdaky gollary getirdi. Barselona we Osasuna 11-nji ýanwarda ikinji ýarym finalda duşuşarlar. Ispaniýanyň Super kubogynyň finaly 14-nji ýanwarda Er-Riýadda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
"Liwerpul" "Wilýarrealy" ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy
Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler