Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär

29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işi hakynda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu topar BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, 1997-nji ýylda döredildi. 2020-nji ýylda onuň Düzgünnamasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi hem-de düzümi täzelendi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 23-nji aprelde toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda işleriň möhüm meseleleri we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň netijeleri boýunça toparyň işini kämilleşdirmek hem-de ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Milli toparyň guramaçylyk işinde onuň Sekretariatyna möhüm orun berilýär. Onuň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. Halkara tejribä hem-de ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň talaplaryna laýyklykda, toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak meselesi öwrenilýär

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň hukuk binýadyny berkitmek baradaky mesele möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär.

Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Paýtagtymyzy bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirlilýär

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär.Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnamany taýýarlamak boýunça hem işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Olary şu ýylyň maý aýynda ýola goýmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ynsanperwer ulgam bolup durýandygyny, bu babatda ÝUNESKO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Soňky ýyllarda däp bolan bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy. Şonuň netijesinde bilim, ylym we medeniýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça köpýyllyk gatnaşyklar kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýär. Munuň şeýledigine üstünlikli durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn halkara başlangyçlary şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi
Lissabon Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy 
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler